Abiwerdde arheologlar gymmatly tapyndylaryň 300-den gowragyny tapdylar

  • 12.11.2021 09:17
  • 8.5k+

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän Abiwerd taryhy-medeni goraghanasynyň çäklerinde ýerleşýän ýadygärlikde gazuw-agtaryş işleriniň güýzki möwsüminiň dowamynda türkmen arheologlary täze tapyndylary ýüze çykardylar.

Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleri orta asyrlara degişli gadymy döwürlerde adamlaryň ýaşan künjeklerinde arheologik-gözleg işlerini geçirdiler. Şunlukda, Abiwerd galasynda simap taýýarlamak boýunça önümçilik ussahanasynyň üsti açyldy. Alymlar tarapyndan “hünärmentçilik toplumy” diýlip atlandyrylan meýdançada demir magdanlaryny eredip, metal almak üçin niýetlenen tegelek peçleriň altysynyň galyndylary tapyldy. Arheologik tapyndylar arkaly alymlar bu ýerde küýzegärçilik ussahanasynyň ýerleşendigini kesgitlediler. Onda arheologik edebiýatda “simap küýzejigi” diýlip atlandyrylýan keramiki gaplar öndürilipdir.

Abiwerd galasynyň hünärmentçilik toplumynyň meýdançasynda simap saklamaga niýetlenen keramiki gaplaryň abat galanlarynyň we bişirilende zeper ýetenleriniň 300-den gowragy tapyldy. Ýüze çykarylan gymmatly tapyndylar ylmy-barlaglardan we degişli rejeleýiş işlerinden soňra ýurdumyzyň döwlet muzeýlerine tabşyrylýar.


19.06.2026 19:49
4.5k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

19.06.2026 10:10
3.3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:37
5k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......