Ç.Gylyjow Bişkekde Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa Ykdysady forumyna gatnaşar

  • 05.11.2021 07:45
  • 5k+

4-nji noýabrda söwda toplumyny ösdürmek boýunça geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowy Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa birinji Ykdysady forumyna gatnaşmak üçin, Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherine gulluk iş saparyna ibermek baradaky Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, 5-nji noýabrda Çary Gylyjow Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

Ýeri gelende bellesek, Bişkekde geçirilýän bu forum pandemiýadan soňky döwürde ykdysadyýeti durnukly dikeltmek üçin utgaşykly jogap çärelerini işläp taýýarlamagy ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilendir. Ol Merkezi Aziýa döwletleriniň Premýer-ministrleri hem-de Hökümet Baştutanynyň orunbasarlary derejesinde geçirilip, Ýewropa Komissiýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Waldis Dombrowskis bolsa Ýewropa Bileleşiginiň adyndan wekilçilik eder. 


şu gün 08:12
78

Türkmenistanyň Ilçisi Moldowa Respublikasynyň DIM-iniň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

28-nji aprelde Kişinýewde iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi T.Ataýew (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Moldowanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary S.Mihow we......

şu gün 07:36
142

Müsür Arap Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

28-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Hamdy Şaaban Abdelhalim......

düýn 22:49
958

Türkmen wekiliýeti Barselonada BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 27-29-njy apreli aralygynda Barselonada geçirilýän döwlet-hususy hyzmatdaşlygy boýunça 10-njy Halkara forumyna gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

düýn 15:24
7.5k+

Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi öz işine başlady

Şu gün Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň we Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezýän işewürler forumy hem-de halkara sergi öz işine başlady.......