Türkmenistanyň we Gazagystanyň Liderleri metbugat wekilleriniň öňünde çykyş etdiler

  • 26.10.2021 16:06
  • 3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasyndan soň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Iki döwletiň Liderleri ýokary derejedäki duşuşygyň jemleri barada aýdyp, dostlukly ýurduň wekiliýetiniň ähli agzalaryna açyklyk, özara ynanyşmak hem-de düşünişmek ýagdaýynda geçen netijeli gepleşikler üçin birek-birege minnetdarlyk bildirdiler.
Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, onuň geljekki anyk ugurlary kesgitlenildi. Türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedigi tassyklanyldy, döwletara gatnaşyklary has-da berkitmek, häzirki wagtda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň eýe bolan ägirt uly mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygy aýdyldy.
Gepleşikleriň barşynda Merkezi Aziýada hyzmatdaşlyk meseleleri düýpli ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşiklerde ekologiýa, hususan-da, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işini mundan beýläk-de giňeltmek hem-de kämilleşdirmek meselelerine aýratyn orun berildi.
Gepleşikleriň dowamynda şeýle hem iki döwletiň medeni-ynsanperwer ulgamda özara hereketlerine aýratyn üns berildi.
Ylym, bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berildi, bu hyzmatdaşlyk ýyl-ýyldan giňeldilýär hem-de yzygiderli, uzak möhletleýin esasda amala aşyrylýar.
Türkmen Lideri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana döwlet sapary Gazagystanyň biziň ygtybarly dostumyzdygyny hem-de jogapkärli hyzmatdaşymyzdygyny görkezdi diýip nygtady.
Metbugat wekillerine ýüzlenme tamamlanandan soň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini Türkmenistanyň döwlet sylagy bilen sylaglamak dabarasy boldy.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......