Türkmenistanda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň wekilhanasy açylar

  • 22.10.2021 09:29
  • 5.9k+

21-nji oktýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Sebitleýin edarasynyň direktory Wiorel Gusu bilen göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Bu barada TDIM-niň resmi internet saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň FAO bilen özara hereketleriniň esasy ugurlaryna seredilip geçildi. Taraplar bilelikdäki taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň işlenilip düzülmegi we olaryň doly derejede durmuşa geçirilmegi babatynda pikir alyşdylar. Şeýle-de taraplaryň FAO-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň açylmagy boýunça özara hereketlerini has-da işjeňleşdirmäge taýýardyklary nygtaldy.

Gepleşikleriň çäklerinde BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Sebitleýin edarasynyň direktory 2021-nji ýylyň 12-nji dekabrynda türkmen paýtagtynda geçiriljek «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahata gatnaşmaga çagyryldy.


düýn 20:46
959

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
2.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......