Türkmenistan geljek ýylda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ministrleriniň maslahatyny geçirmäge taýýar

  • 15.10.2021 13:42
  • 14k+

Pekinde gibrid görnüşde geçirilýän BMG-niň durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji Ählumumy maslahatynyň barşynda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, ulag ulgamynda döwlet-hususy hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda köptaraplaýyn özara hereketleriň ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýän Aşgabat prosesiniň işe girizilmeginiň türkmen paýtagtynda geçirilen birinji Ählumumy maslahatyň ähmiýetli netijeleriniň biri bolandygyny belledi.

Şu nukdaýnazardan, ulagyň ösdürilmegi boýunça BMG-niň Ýörite sebitara maksatnamasynyň işlenilip düzülmeginiň maksadalaýyklygy beýan edildi. Türkmenistan syýasy giňişlikde, ilkinji nobatda hem BMG-de ençeme ýyllaryň dowamynda durnukly ulag ulgamynda ähmiýetli, netijeli we anyk Kararnamalar bilen çykyş edip gelýär, diýip döwlet Baştutany öz wideoçykyşynda nygtady.

Ösüp gelýän ýurtlara, hususan-da, olaryň dünýäniň ulag proseslerine gaýtadan integrirlenmeklerine ýardam hem-de goldaw bermegiň derwaýyslygyny bellemek bilen, türkmen tarapy Türkmenistanyň 2022-nji ýylyň aprelinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatynyň geçirilmegine taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklady.


düýn 18:04
3k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

düýn 17:31
936

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......