Türkmenistan Aziýada özara hyzmatdaşlyk boýunça düzümiň duşuşygyna gatnaşýar

  • 13.10.2021 10:54
  • 5.4k+

Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultanda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreler boýunça Geňeşiniň (CICA) daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygy geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hem gatnaşýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu guramada synçy derejesine eýedir. 

Gazagystanyň Prezidentiniň akorda.kz resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, 12-nji oktýabrda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreler boýunça Geňeşiniň (CICA) daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygyna gatnaşmak üçin gelen ministrleri kabul etdi. Duşuşyga Bahreýn, Belarus, Hindistan, Katar, Gyrgyzystan, Mongoliýa, Russiýa, Özbegistan, Türkmenistan ýaly döwletleriň daşary işler ministrleri, Ysraýylyň syýahatçylyk ministri, şeýle hem birnäçe ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary gatnaşdy.

CICA-da başlyklyk edýän Gazagystanyň Prezidenti duşuşygyň dowamynda çykyş edip, häzirki wagtda CICA-nyň Aziýa döwletleriniň arasynda parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we ösüşiň bähbidine tagallalary birleşdirmek üçin uly mümkinçilige eýedigini mälim etdi. Tokaýew häzirki wagtda öz ýurdunyň bu gurama başlyklyk edýändigini belläp, koronawirus ýokanjy sebäpli bu wezipäni talabalaýyk ýerine ýetirmäge mümkinçilik bolmandygyny aýdyp, gazak tarapynyň 2022-2024-nji ýyllar üçin hem başlyklyk üçin ýüz tutýandygyny mälim etdi. Şeýle hem ol bu düzümiň esaslandyryjylarynyň biri bolan Gazagystanyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýewi guramanyň çäklerindäki Akyldarlar geňeşiniň başlygy wezipesine dalaşgär hökmünde saýlamagy teklip etdi. 

Bu ýokary derejedäki duşuşygyň çäklerinde howpsuzlygy üpjün etmek we sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem Owganystandaky ýagdaý, şol sanda  owgan halkyna kömek bermek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. 


düýn 19:38
3.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......