Türkmen-rus gatnaşyklarynda ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmeli

  • 04.10.2021 12:56
  • 9.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow TASS agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmana beren interwýusynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna seljerme berdi.

— Türkmenistan bilen Russiýanyň gatnaşyklary iki strategik hyzmatdaşlaryň gatnaşyklarydyr. Şeýle häsiýetnama türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary öz gerimine alýandygyny; onuň uzak möhletlidigini; häzirki döwrüň üýtgäp durýan ýagdaýlarynyň täsirine düşmeýändigini aňladýar.

Biz parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek meselelerinde halkara we sebit giňişliklerinde, iri halkara guramalarda, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynda hyzmatdaşlyk edýäris, şunda, zerur bolan halatynda, öz hereketlerimizi utgaşdyrýarys. Ykdysady ulgamda Russiýa köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň daşary haryt dolanyşygynyň möçberleri boýunça öňdäkileriň hatarynda durýar we ýurdumyzyň iň iri maýa goýum hyzmatdaşlarynyň biridir. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy, Sankt-Peterburg şäheri, Astrahan welaýaty ýaly sebitleri bilen göni söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýuldy we üstünlikli ösdürilýär. Russiýanyň beýleki sebitleri hem şeýle hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýärler — diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow: «Häzirlikçe doly peýdalanylmadyk mümkinçilikler barada aýdylanda, gürrüň, ozaly bilen, bilelikdäki tagallalary talap edýän ugurlar barada gidýär ýa-da olar peýdalanylyp başlanylandyr. Olaryň hatarynda ulag we logistika ulgamyny aýratyn bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, biz Hazar deňzi — Wolga derýasy ugry boýunça Russiýanyň demirgazyk portlaryna we soňra Ýewropa çykmagy göz öňünde tutýan ulag geçelgesiniň döredilmeginiň geljegi örän uly taslamasynyň üstünde işleýäris» diýip sözüniň üstüni ýetirdi.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......