Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli daşary ýurtlarda nähili çäreler geçirildi?

  • 29.09.2021 08:30
  • 7.7k+

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda dürli halkara çäreler yzygiderli geçirildi. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary we konsullyk edaralary tarapyndan maslahatlar, forumlar, sergilerdir konsertler we başga-da ençeme çäreler guraldy. Olar barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

  • 23-nji sentýabrda Hyrat şäherindäki Türkmenistanyň Baş konsullygy tarapyndan bu şanly senä bagyşlanyp maslahat geçirildi. Oňa Hyrat we Badhyz welaýatlarynda ýaşaýan türkmen kowçumlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentini we türkmen halkyny ýurdumyzyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de Türkmenistanyň owgan halkyna berýän dost-doganlyk goldawy we ynsanperwerlik kömegi üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etdiler.

  • Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp Türkiýäniň Kyrşehir Ahy Ewran uniwersitetinde, ýolbaşçylarynyň, professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň, şol sanda türkmenistanly talyplarynyň gatnaşmaklarynda medeni çäre geçirildi. Çäräniň çäklerinde uniwersitetde okaýan talyplaryň konserti hem-de ýurdumyzyň medeni gymmatlyklarynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň sergisi guraldy.

​​​​​​​

  • ABŞ-nyň Sietl şäherinde “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we onuň daşary syýasatyndaky halkara başlangyçlar” temasy boýunça maslahat geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy tarapyndan guralyp, oňa Türkmenistanyň raýatlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine esaslanýan hoşniýetli daşary syýasaty barada barada gürrüň berildi.
  • Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky ilçihanasy hem baýramçylyk çäresini geçirdi. Oňa London şäheriniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary hem-de türkmen kowçumlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň barşynda Türkmenistanyň ilçisi çykyş edip, syýasy, ykdysady, durmuş we medeni ugurlary boýunça Türkmenistanda amala aşyrylan uly özgertmeler barada aýdyp geçdi.

​​​​​​​​​​​​​​

  • Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçihanasy tarapyndan şanly sene – türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi. Onuň dowamynda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler hem-de içeri we daşary syýasatyň ösüşi babatynda aýratyn bellenildi.

şu gün 10:10
936

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

düýn 22:11
1.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......