«C5+1» gepleşikleri: Owganystandaky täze hökümet bilen ylalaşykly gatnaşmak zerur

  • 23.09.2021 11:37
  • 14k+

22-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň «C5+1» formatdaky onlaýn duşuşygy geçirildi. Oňa türkmen tarapyndan daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşdy. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugynda habar berilýär.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary hem-de Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri «C5+1» sebitleýin diplomatik platformasynyň aýratyn ähmiýetini nygtamak bilen, onuň 2021-nji ýylyň dowamynda owgan meseleleriniň, COVID-19, ykdysady gatnaşyklaryň hem-de howanyň üýtgemeginiň meseleleriniň utgaşdyrylmagy boýunça derwaýys gepleşikleriň ilerledilmegindäki netijeliligini nygtadylar.

Raşid Meredow bu formatyň çäklerinde geçirilýän yzygiderli duşuşyklaryň ähmiýetini bellemek bilen, bu görnüşdäki gepleşikleriň sebit hem-de halkara gün tertibiniň derwaýys meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak hem-de olar boýunça gaýragoýulmasyz çäreleriň durmuşa geçirilmegine mümkinçilik berýändigini nygtady. 

Şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de ABŞ-nyň işewürler düzümleriniň işjeň özara hereket etmegi üçin ýörite platformanyň döredilmegi baradaky pikir beýan edildi. Duşuşygyň çäklerinde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary sebit howpsuzlygynyň wehimlerine we howplaryna garşy göremek ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň berkidilmegine gönükdirilen diplomatik gepleşikleriň dowam etdirilmegine gyzyklanma bildirdiler. 

Ministrler şeýle-de Owganystandaky ýagdaýlaryň oňyn çözülmegine gönükdirilen tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň zerurdygyny nygtadylar. Şu nukdaýnazardan, özara isleg bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça bu ýurduň täze hökümeti bilen açyk hem-de özara ylalaşykly gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň derwaýyslygy bellenildi.


düýn 16:30
557

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
724

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.8k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......