Berdimuhamedow we Rahmon Türkmenistanyň portlaryndan ýük daşamaklygy maslahatlaşdylar

  • 17.09.2021 17:31
  • 10k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanyň Lideri Emomali Rahmon bilen duşuşdy diýip, tj.sputniknews.ru habar berýär.

Duşenbedäki Milletler köşgünde geçirilen duşuşykda Prezidentler senagat, oba hojalygy, ulag we ýük daşamalar ulgamynda özara gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşdylar.
Hususan-da, Täjigistana ýükleri daşamak üçin Türkmenistanyň deňiz portlaryny ulanmagyň mümkinçiliklerine garaldy.

Taraplar şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurlygyny nygtadylar.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň özara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi, şeýle hem sebit howpsuzlygynyň meseleleri maslahatlaşyldy.
Goňşy Owganystandadaky harby-syýasy ýagdaý babatda hem aýratyn durlup geçildi.
Ýatlap geçsek, Gurbanguly Berdimuhamedow Duşenbä Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin bardy.


düýn 16:30
557

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
719

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......