Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistana iş sapary bilen bardy

  • 17.09.2021 11:54
  • 14k+

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen bardy. Duşenbäniň Halkara howa menzilinde Gurbanguly Berdimuhamedowy Täjigistanyň premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar garşy aldylar diýip, tj.sputniknews.ru habar berýär.

Öň habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşar. Şeýle hem saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. 

Belläp geçsek, Täjigistanyň paýtagtyna şeýle hem ŞHG-niň we THŞG-niň sammitlerine gatnaşmak üçin Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň Baştutanlary, Ermenistanyň we Pakistanyň premýer-ministrleri, şeýle hem beýleki döwletleriň Liderleri we DIM-niň ýolbaşçylary geldiler.


şu gün 15:53
623

Türkmenistanyň wekiliýeti Sloweniýada Bled strategik forumynyň işine gatnaşdy

1–2-nji sentýabrda Sloweniýanyň Bled şäherinde Bled strategik forumy geçirildi. Forumyň işine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...

şu gün 10:28
2.1k+

Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy

2-nji sentýabrda Pekinde Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşdy...

şu gün 10:20
2.4k+

Pekinde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda täze ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Prezident Serdar Berdimuhamdowyň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň hytaý tarapynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Olarda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy...

şu gün 10:14
2.3k+

Pekinde Serdar Berdimuhamedow bilen Si Szinpiniň arasynda gepleşikler geçirildi

2-nji sentýabrda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow günüň ikinji ýarymynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen resmi duşuşyk geçirdi. Duşuşyk Pekinde Hytaýyň Halk ýygnaklar öýünde geçirildi...