Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistana iş sapary bilen bardy

  • 17.09.2021 11:54
  • 15k+

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen bardy. Duşenbäniň Halkara howa menzilinde Gurbanguly Berdimuhamedowy Täjigistanyň premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar garşy aldylar diýip, tj.sputniknews.ru habar berýär.

Öň habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşar. Şeýle hem saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. 

Belläp geçsek, Täjigistanyň paýtagtyna şeýle hem ŞHG-niň we THŞG-niň sammitlerine gatnaşmak üçin Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň Baştutanlary, Ermenistanyň we Pakistanyň premýer-ministrleri, şeýle hem beýleki döwletleriň Liderleri we DIM-niň ýolbaşçylary geldiler.


şu gün 12:20
354

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.4k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......