Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň düzümi tassyklanyldy

  • 27.08.2021 15:02
  • 27k+

Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň düzümi tassyklanyldy.

Ýurdumyzda keselleriň ýaýramagynyň öňüni almaga, raýatlaryň saglygyny gorap saklamaga, şeýle hem bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen bu Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Öň habar berşimiz ýaly, 25-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň alyp barýan işleriniň netijelerine we bu ugurda öňde durýan wezipelere garady. Mejlisiň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli künjeklerinde arassaçylyk, degişli zyýansyzlandyryş işleriniň talabalaýyk alnyp barylmalydygyny belläp, bu ugurda bar bolan meseleleriň oňyn çözülmegine örän jogapkärçilikli hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutany şeýle hem häzirki döwürde Türkmenistanda köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegini çäklendirmek babatda teklipler taýýarlamak boýunça degişli düzümleriň bilelikde iş alyp barmagynyň wajypdygyny nygtady.


09.06.2026 23:14
5.9k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.1k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....