Wengriýada türki dilli döwletleriň baş baýramy dabaralandyryldy

  • 22.08.2021 16:42
  • 4.4k+

Wengriýada türki dilli ýurtlaryň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp dabaraly çäre guraldy. Bu barada Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Budapeştde ýaýbaňlandyrylan festiwal TÜRKSOÝ guramasy, Türki geňeş, Ýunus Emre instituty hem-de Wenger mirasynyň öýi tarapyndan guraldy. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Bilal Çakyjy hem-de Wenger mirasynyň öýüniň Baş direktory Laslo Kelemen çäräniň dowamynda gutlag sözi bilen çykyş etdi.

Bellenilişi ýaly, medeni miras we gadymy folklor sungaty döwletleriň we jemgyýetleriň taryhynda möhüm orun eýeleýär. TÜRKSOÝ guramasy, öz gezeginde, türki dünýäniň gymmatlyklaryny halkara derejede wagyz etmek hem-de geljekki nesillere ýetirmek ugrunda yzygiderli tagalla edýär.

Ýeri gelende bellesek, Wengriýada guralan çäre 2021-nji ýylyň dowamynda TÜRKSOÝ tarapyndan guralan çäreleriň dowamy boldy. Şu ýylyň fewralynda bu gurama bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi Türki dilli döwletleriň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn konserti gurady. Türkiýede bolsa bu şanly seneler mynasybetli fotosuratlaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, 16 — 18-nji awgustda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde ýerleşýän Milli kitaphanasynyň kongresler zalynda bolsa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli fotosuratlaryň we medeni gymmatlyklaryň sergisi geçirildi. Sergä aýlanyp gören myhmanlar türkmen halkynyň gaýtalanmajak medeni gymmatlyklarynyň aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.


28.05.2026 17:06
4.1k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 14:35
5.9k+

Gazagystan sebitde ilkinji bolup, emeli ýagyn tehnologiýasyny ulandy

Gazagystanyň Türküstan şäherinde emeli usul bilen ýagyn mukdaryny köpeltmek taslamasynyň açylyş dabarasy boldy. Şeýlelikde Gazagystan sebitde emeli ýagyn tehnologiýasyny iş ýüzünde ulanyp başlan ilkinji ýurt......

26.05.2026 19:02
7.3k+

Saparmyrat Atabaýew Karshi Open-2026 halkara ýaryşynyň ilkinji üçlügine girdi

Türkmen grossmeýsteri Saparmyrat Atabaýew Özbegistanda tamamlanan Karshi Open-2026 halkara küşt ýaryşynda üçünji ýeri eýeledi....

26.05.2026 09:51
3.6k+

Namangandaky halkara gül festiwaly Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Özbegistanyň Namangan şäherinde geçirilen 65-nji halkara gül festiwaly, onuň guralmagy üçin bir aýyň dowamynda 29,4 milliondan gowrak ösümlik oturdylandan soň, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi....