Gurbanguly Berdimuhamedow welaýat we etrap häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

  • 03.08.2021 13:57
  • 10k+

2-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly welaýatlaryň hem-de olaryň etraplarynyň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek hem- Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutany maslahatyň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, sanly ulgam arkaly Ahal welaýatynyň hem-de bu sebitiň etraplarynyň häkimleriniň hasabatlaryny diňledi. Häkimler degişlilikde, gowaça ekilen meýdanlarda bol hasyl ýetişdirmek üçin hatarara bejergi işlerini geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak hem-de gowaçalaryň ujuny çyrpmak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi, şeýle hem geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça sürüm, tekizleýiş hem-de suw tutmaga taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy barada hasabatlary bilen çykyş etdiler.
Şeýle hem sebitlerde güýzlük ýeralmanyň, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde tamamlamak, bu işde oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny netijeli ulanmak hem-de önüm öndürijileri zerur tohum bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabatlar diňlenilip, döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabatlanyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda gurluşyk işleriniň depginleri, baýramçylyk medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.
Türkmen Lideri hasabatlary diňläp, welaýatlaryň obasenagat toplumyny mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri doly ulanmagyň zerurdygyny, bugdaý ekmek üçin niýetlenen ýerleri, tehnikalary we ýöriteleşdirilen enjamlary möwsüme taýýarlap, daýhanlary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmelidigini belledi. Ilatymyzy gök we beýleki önümler bilen ýylyň dowamynda üpjün etmegiň möhümdigi nygtalyp, güýzlük ýeralmany, dürli gök önümleri, gant şugundyryny ösdürip ýetişdirmek, olara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek barada häkimlere anyk görkezmeler berildi.


04.06.2026 12:34
5.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.8k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

27.05.2026 14:21
5.4k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......

03.05.2026 12:23
8.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......