Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň DIM-niň ýolbaşçylary Awazada geçiriljek sammiti maslahatlaşdylar

  • 31.07.2021 14:19
  • 5.4k+

Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça  wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Ruslan Gazakbaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň saýty habar berdi.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary 2021-nji ýylyň 5-6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw geňeşini guramak we geçirmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar bu duşuşygyň çäginde gol çekilmegi meýilleşdirilýän köptaraplaýyn resminamalaryň taslamasyna aýratyn ünsi çekip, ýetip gelýän çäräniň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň ýakyn wagtda boljak ýygnagynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine we sebit hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga we giňeltmäge itergi berjekdigine ynam bildirdiler.
Şeýle hem, ýakyn wagtda geçiriljek sammite meýilleşdirilýän birnäçe möhüm çäräni guramak barada konstruktiw pikir alyşma geçirildi.


düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......