«Merkezi Aziýa bäşliginiň» hyzmatdaşlygynyň özboluşlylygy nämede?

  • 03.08.2021 15:09
  • 8.2k+

Ýewraziýanyň merkezinde, geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly 3 million 882 müň inedördül kilometr çäkde ýerleşip, umumylykda 75 milliondan gowrak ilaty özüne birleşdirýän Merkezi Aziýa sebiti uzak geçmişde bolşy ýaly, häzirki döwürde-de tebigy baýlyklarynyň ägirt uly gorlary, Gündogardan Günbatara uzaýan möhüm söwda ýollary, Beýik Ýüpek ýolunyň gadymy mirasy bilen tutuş dünýäniň ünsüni özüne çekýär.

Köpasyrlyk taryhy we geografik taýdan ýakynlyk, medeniýetiňdir diniň, özara gyzyklanmalaryň meňzeşligi bu sebitiň halklaryny birek-birek bilen has-da ysnyşdyrýan çelgi bolup, hut şu gymmatlyklaryň döwletara gatnaşyklarda-da ileri tutulmagy Merkezi Aziýada parahatçylygyň we gülläp ösüşiň berkarar edilmegini şertlendirýär. Şoňa görä-de, käbir taryhçylardyr syýasatşynaslar bu sebit bilen bagly gürrüň edenlerinde, oňa «hoşniýetli goňşuçylykda ýaşamagyň sungaty» hökmünde baha berýärler.

Hakykatdan-da, goňşuçylykda ýaşamagyň özboluşly nusgasyny kemala getiren Merkezi Aziýa döwletleriniň ykbalyny, sebitiň umumy ösüşini birek-birekden üzňelikde göz öňüne getirmek mümkin däl. Bu gün sebitiň ýurtlary diňe bir gadyrly gatnaşyklary, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini dowam etdirmek bilen çäklenmän, döwletara gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykaryp, dünýäniň häzirki meýillerini nazara almak bilen, ony mazmun taýdan has-da baýlaşdyrýarlar. Şunda özara gyzyklanmalardyr bähbitleriň birligini, baş maksadyň sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilendigini aýratyn nygtamak gerek. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy ýaly ýokary derejeli pikir alyşma meýdançasynyň döredilmegi hem açyk we netijeli gepleşikler arkaly hut şu maksada ýetmekde bilelikdäki tagallalara goşmaça itergi bermek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň taryhy bilen gyzyklanyp, uzaklara nazar salmagyň zerurlygy ýok. Sebit hyzmatdaşlygynyň bu meýdançasy örän ýaş, şol bir wagtda-da netijeliligi bilen tapawutlanýar. Ony döretmek hakynda ilkinji gezek 2017-nji ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan öňe sürlen teklibiň sebit döwletleri we halkara guramalar tarapyndan biragyzdan goldanylmagy bu ýurtlaryň Baştutanlaryny 2018-nji ýylyň martynda Gazagystanda, 2019-njy ýylyň noýabrynda bolsa Özbegistanda duşurdy. Ýeri gelende bellesek, Daşkentde geçirilen ikinji duşuşygyň Bilelikdäki Beýannamasynda sebitiň bäş döwletiniň Baştutanlary görnüşde ýokary derejedäki geňeşmeleri her ýylda yzygiderli guramagyň zerurdygy beýan edildi. Pandemiýa zerarly ýüze çykan ýagdaýlar bilen baglylykda, sebitiň ýurtlarynyň Prezidentleri iki ýyldan soň, 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Hazaryň türkmen kenarynda netijeli gepleşikleri geçirerler.

Sebit hyzmatdaşlygy barada gürrüň edilende, daşary syýasatynda ýakyn goňşulary bilen gatnaşyklary ösdürmäge strategik ugur hökmünde garaýan Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň iri halkara we sebit guramalarynyň, ýöriteleşdirilen düzümlerdir maksatnamalaryň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigine ünsi çekmek zerur. Döwletleri geografik, geosyýasy we ykdysady, maliýe hem-de medeni taýdan birleşdirýän düzümler, hususan-da, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi, Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahaty (RECCA), Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasy (CAREC), BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy (SPEKA), «Aziýanyň ýüregi — Stambul prosesi»... ýaly hyzmatdaşlyk meýdançalarynda özara gatnaşyklary berkidip, ählumumy syýasy, ykdysady we medeni giňişlige işjeň goşulyşýan Merkezi Aziýa döwletleri dünýä giňişliginde eýeleýän ornuny hem-de ähmiýetini barha pugtalandyrýar. Dürli ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy berkitmek», «BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» (iki gezek), «Merkezi Aziýada durnukly syýahatçylyk we durnukly ösüş» atly Kararnamalarynyň kabul edilmegi bolsa sebitleýin hyzmatdaşlygyň netijeliliginiň dünýä bileleşiginde ýokary ykrara eýe bolýandygynyň anyk-aýdyň delilidir.

Soňky ýyllarda «Merkezi Aziýa bäşligi» esasy hyzmatdaşlary — Ýewropa Bileleşigi, Russiýa Federasiýasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň özboluşly guralyny kemala getirdi we ony yzygiderli ösdürýär. «Merkezi Aziýa + ...» görnüşdäki duşuşyklar özara gatnaşyklaryň aýry-aýry, has möhüm meseleleri boýunça içgin pikir alyşmaga mümkinçilik berýär. Sebitleýin hyzmatdaşlykda olaryň ähmiýetiniň barha artýandygyny hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Daşkent sammitinde eden çykyşynda hem aýratyn nygtapdy. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly wekilçiligi has giň düzümleriň gatnaşmagynda geňeşmeleriň üstüniň ýetirilmegi bolsa sebitiň özüne çekijiligini artdyrmakda täze mümkinçilikleri açar. Şu ýylyň 15-16-njy iýulynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen «Merkezi Aziýa we Günorta Aziýa: sebitleýin özara baglanyşyk. Şertler we mümkinçilikler» atly halkara maslahatyň çäklerinde-de «Merkezi Aziýa + ...» görnüşde duşuşyklaryň guralyp, taraplaryň syýasy, söwdaykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda sebit we halkara gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryny, Merkezi Aziýada howpsuzlygy üpjün etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşandyklaryny bellemek möhümdir.

Strategik häsiýetli döwletara gatnaşyklarda-da, sebit hyzmatdaşlygynda-da syýasy, ykdysady, söwda, maýa goýum, ulag-logistika, howpsuzlyk, ekologiýa, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara gatnaşyklary ösdürmek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň iň ileri tutýan ugurlary. Suwdan rejeli peýdalanmak, serhetüsti suwlary dolandyrmak, Aral heläkçiliginiň öňüni almak, sebitiň ýakyn goňşusy Owganystandaky ýagdaýlary parahatçylykly ýollar arkaly kadalaşdyrmak bolsa birleşen tagallalary we anyk çözgütleriň işlenip taýýarlanylmagyny talap edýän meselelerdir. Şunda sebit döwletleri Milletler Bileleşigi, Araly halas etmegiň halkara gaznasy hem-de iri maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi derwaýys zerurlyk hasaplaýarlar.

Ady agzalan ugurlarda garaşsyz ösüşiň 30 ýylynda anyk ädimler ädilip, doganlyk ýurtlardyr halklaryň bähbidine ençeme tutumly işlerdir taslamalar durmuşa geçirildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Awazada geçiriljek üçünji konsultatiw duşuşygynda-da hut şu we halkara gün tertibiniň beýleki möhüm ugurlary boýunça netijeli gepleşikler geçiriler, sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ilerletmegiň geljekki mümkinçilikleri kesgitleniler. Munuň özi geçmişde siwilizasiýalaryň sallançagy bolan Merkezi Aziýanyň XXI asyryň täze taryhy şertlerinde hemmetaraplaýyn gülläp ösýän kuwwatly sebit hökmündäki eýeleýän ornuny has-da berkitmekde, onuň ykdysady we adam mümkinçiliklerini tutuş Ýer ýüzünde abadan ýaşaýşyň berkarar edilmegine gönükdirmekde täze gözýetimlere ýol açar.


düýn 15:38
1.2k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň birža söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy 4 million dollardan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 38 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 48-si hasaba alyndy. Bu barada TDH agentligi habar berýär. Daşary ýurt puluna Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar...

18.08.2025 10:26
3k+

Serdar Berdimuhamedow Indoneziýany Garaşsyzlyk gününiň 80 ýyllygy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Prabowo Subianto ýurduň milli baýramy — Garaşsyzlyk gününiň 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi...

18.08.2025 10:08
1k+

Türkmenistanyň DIM-nde Katar Döwletiniň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Katar Döwletiniň ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al-Azbi bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar...

18.08.2025 10:05
1.1k+

Türkmenistan we BAE hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Birleşen Arap Emirlikleriniň ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al-Hameli bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk hem ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem yzygiderli dialogy dowam etdirmegiň ähmiýetini bellediler...