ByteDance Pekiniň rugsaty bolmazdan TikTok-y satyp bilmez

  • 01.09.2020 16:25
  • 4.2k+

ByteDance kompaniýasy TikTok serwisini diňe hytaý hökümeti bilen ylalaşykda satyp bilýär. Bu emeli intellekti peýdalanyp, habar önümlerini eksport etmek gurşawyndaky çäklendirmeler bilen bagly. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär. Muny interfax.ru ýetirýär.

Täze çäklendirmeler, esasan, teksti seljermek, sözleýşi we sesi anyklamak tehnologiýasyna, şeýle-de mazmuny hödürlemek ulgamyna degişli – bu tehnologiýalaryň HHR-den eksporty indi Hytaý hökümetiniň ygtyýarnamasy bolmasa amal edilip bilinmeýär.
Pekiniň şeýle ädimi TikTok-yň eýesi ByteDance hytaý kompaniýasyna programmanyň amerikan bölegini Microsoft, Walmart, Oracle we Twitter ýaly geljekki satyn alyjylar bilen gepleşikleri çalt tamamlamaga mümkinçilik bermez.
Bloomberg girizilýän çäklendirmeleriň ByteDance tarapyndan TikTok-da ulanylýan tehnologiýalara gönüden-göni degişlidigini we kompaniýa satuw işini amal etmek üçin HHR-iň hökümetinden rugsat almalydygyny belleýär. Hökümetiň maksady şertnamany doly gadagan etmek däl-de, diňe TikTok-yň satuw möhletini yza süýşürmekden ybarat diýip, agentligiň söhbetdeşi aýdýar.
Ýatlap geçsek, Donald Trampyň gol çeken kararyna laýyklykda, TikTok-yň eýesine özüniň programmasyny satmak ýa-da biznesi ABŞ-nyň garamagyna geçirmekden boýun gaçyrmak üçin 90 gün möhlet berilýär. Muňa jogap hökmünde ByteDance kompaniýa garşy girizilen sanksiýany “güýçli syýasatlaşdyrylan” diýip atlandyrmak bilen, ABŞ-nyň edarasyny kazyýete berdi.
Microsoft we Walmart konsorsiumy Demirgazyk Amerikada, Awstraliýada we Täze Zelandiýada TikTok-yň işini satyn almaga esasy dalaşgärler bolup durýar. ByteDance munuň üçin $30 mlrd almak isleýär, ýöne geljekki alyjylar şeýle puly tölemäge taýýar däl.
HHR-iň söwda ministrliginiň habarnamasynda eksport çäklendirmeleriniň astyna düşýän tehnologiýalaryň sanawynyň soňky gezek 2008-nji ýylda üýtgedilendigi we ylmyň hem-de tehnologiýalaryň çalt ösüşini, şeýle-de hytaý senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň “dowamly ösüşini” nazara almak bilen, oňa düzedişleri girizmegiň hökmany bolandygy bellenilýär.

düýn 20:25
2.1k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......