ABŞ-nyň iki kompaniýasy TikTok-yň amerikan bölegini satyn almak isleýär

  • 26.08.2020 10:32
  • 6.9k+

General Atlantic we Sequoia Capital maýa goýum kompaniýalary Oracle korporasiýasy bilen bilelikde ByteDance hytaý kompaniýasyndan TikTok internet torunyň amerikan bölegini satyn almagy meýilleşdirýärler. Bu barada “The Wall Street Journal” gazeti özüniň elektron nusgasynda habar berdi. Muny iz.ru ýetirýär.

Neşiriň çeşmeleriniň maglumatlary boýunça, General Atlantic we Sequoia internet torunyň bölegini satyn almaga esasy dalaşgär bolan Microsoft korporasiýasynyň saýasynda islenilýän ylalaşygy gazanmaga mümkinçilik ýok diýen netijä geldiler. Kompaniýalaryň ikisi hem Oracle korporasiýasyna hyzmatdaş bolmagy we TikTok-da özleriniň paýyny almagy göz öňünde tutýarlar.
Neşire laýyklykda, General Atlantic we Sequoia öň hytaý ByteDance kompaniýasyna maýa goýmak bilen, bu kompaniýanyň müdirler geňeşinde orun aldylar. Bu ýagdaý ylalaşykda päsgelçilik bolup biler diýip, gazet belleýär. Ol müdirler geňeşiniň agzalarynyň ByteDance kompaniýasynyň isleglerini berjaý etmelidigini we bu kompaniýanyň hem-de onuň bölünip aýrylan kärhanalarynyň bahasynyň ýokarlanmagyna ýardam etmelidigini ýatladyp geçýär. Şeýle borçnama internet torunyň bölegini amatly pes bahadan satyn almaklyga garşy gelýär.
Neşiriň söhbetdeşiniň bellemegine görä, esasy dalaşgärler satyn almak bilen bagly özüniň talaplygyny şu hepde tamamlanýança ibermeli. Şundan soň diňe bir kompaniýa gepleşiklere gatnaşmaga rugsat ediler. Microsoft we Oracle korporasiýalaryndan başga-da, dalaşgärleriň sanawyna Twitteriň hem goşulmagy mümkin.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Oracle TikTok internet toruny satyn alyp biler diýip hasaplaýar, ýöne ol muny 15-nji sentýabra çenli amal etmeli.
1977-nji ýylda Larri Ellison tarapyndan esaslandyrylan Oracle amerikan korporasiýasy guramalar we serwer enjamlaryny üpjün edijiler üçin programma üpjünçiligini işläp düzýär.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......