SoftBank $2 mlrd möçberde maýa goýum bilen Intel-i çökgünlikden “halas edýär”

  • 21.08.2025 16:33
  • 2.3k+

Ýaponiýanyň SoftBank maliýe konglomeraty Intel amerikan mikroprosessor öndürijisine 2 mlrd dollar maýa goýýar. Bu barada The Wall Street Journal neşiri habar berýär.

SoftBank kompaniýanyň altynjy uly paýdary boldy. Ol her paý üçin 23 dollar baha bilen Intel-iň täze paýnamalaryny satyn alar, bu bazar bahasyndan arzandyr. SoftBank dünýäde iň uly prosessor öndürijileriniň biriniň geljekki ösüşine bil baglaýandygyny belledi.
Maýa goýum ABŞ-nyň hökümetiniň Intel-de 10 göterim paýy satyn almagy meýilleşdirýändigi baradaky habar peýda bolan wagtlary gelip gowuşdy. Soňky ýyllarda kompaniýa AMD bilen tehnologiýa ýaryşynda we emeli aň üçin çip bazarynda yza galýandygy sebäpli öz ornuny ýitirýär. Soňky bazarda TSMC agdyklyk edýär.
Dowam edýän çökgünligiň netijesinde Intel-iň baş direktory Pet Gelsinger wezipeden gitdi. Ol kompaniýada 40 ýyl töweregi işläpdi. Şeýle-de, kompaniýa çykdajylary azaldyp, işgärler ştatyny-da azaltmaga mejbur boldy.
Ýylyň başyndan bäri SoftBank-yň paýnamalary 75%-den gowrak gymmatlady. 


düýn 12:08
1.4k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

28.05.2026 19:13
3.7k+

Mazda we Spingle kenguru derisinden tikilen krossowkalary çykardylar

Mazda awtoulag öndürijisi Ýaponiýanyň Spingle aýakgap kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda dizaýny CX-5 krossowerinden bölekleýin ylham alan, çäkli sanda SP-MZD krossowkasyny çykardy. ...

20.05.2026 15:31
988

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......