TikTok we WeChat-yň ulanyjylary Trampyň permanyna garşy kazyýete arza berýärler

  • 24.08.2020 00:37
  • 6.4k+

TikTok hytaý wideo-programmasy kazyýetde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp tarapyndan girizilen gadaganlyga garşy çykar. Bu barada BBC britan teleradio kompaniýasyna salgylanmak bilen bykvu.com habar berýär.

Amerikan lideriniň permany TikTok-a eýeçilik edýän ByteDance hytaý kompaniýasy bilen islendik şertnamany baglaşmagy gadagan etdi. Buýruk sentýabryň ortalaryndan güýje girýär.
Bu programmadan 80 million amerikanlar peýdalanýar.
ABŞ-nyň Prezidentiniň edarasy kompaniýany amerikan ulanyjylary barada maglumatlary Hytaý hökümetine bermekde aýyplaýar, ýöne ByteDance bu maglumaty ret edýär.
TikTok tas bir ýyl Ak öý bilen ylalaşyk gazanmakçy bolandygyny belleýär.

“Ýokary kanunyň bozulmajakdygyny we biziň kompaniýamyza hem-de ulanyjylara adalatly garalýandygyny kepillendirmek üçin bizde karara kazyýet arkaly garşy çykmakdan başga çykalga ýok” – diýip, kompaniýanyň wekili aýdýar.

Kazyýet işi şu hepdede başlanar.
WeChat internet tory-programmasyna şeýle gadaganlyga garşy hytaý gelip çykyşly amerikanlar topary aýratyn arza berdi.
WeChat messenjeri Tencent hytaý firmasyna degişli. Donald Trampyň “WeChat-yň howpy bilen göreş hakynda” permanyny programmany ulanyjylar “konstitusiýa garşy” diýip hasaplaýarlar.

düýn 08:33
3k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.6k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

20.06.2026 09:49
2.3k+

Bosch Huawei-ä enjam üpjünçiligi üçin ABŞ-na 36 million dollar jerime töleýär

Germaniýanyň Robert Bosch kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetleri bilen dawa-jenjelleri çözmek boýunça ylalaşyk baglaşdy. Ylalaşyga laýyklykda, kompaniýa 36 million dollar möçberinde jerime tölemäge borçlandy....