Tramp ABŞ-nyň raýatlaryna TikTok-dan we WeChat-dan peýdalanmagy gadagan etdi

  • 07.08.2020 18:01
  • 10k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «TikTok-dan we WeChat-dan gelýän howpa garşy göreşmek hakynda» Permana gol çekdi. Bu barada «Новая газета» neşiri habar berýär.

Resminama laýyklykda, ByteDance we Tencent hytaý kompaniýalary tarapyndan döredilen programmalar ulanyjylaryň maglumatlaryny toplap Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryna geçirip, ABŞ-nyň milli howpsuzlygyna, ykdysadyýetine we daşky syýasatyna howp salýar.

«Maglumatlary bu hili ýagdaýda toplamak bilen Hytaý döwlet işgärleriniň we potratçylaryň oturan ýerlerini yzarlamaga, olary gorkuzmak üçin iş düzmäge we korporatiw yzarlamany amala aşyrmaga mümkinçilik alýar» diýlip, amerikan lideriniň resminamasynda bellenilýär.

Bu Perman neşir edilenden 45 gün soň, Birleşen Ştatlaryň garamagynda bolan islendik adamyň ýa-da islendik zada gatnaşykda ByteDance Ltd. kompaniýasy bilen islendik şertnama baglanyşmagy gadagan edýär.
Öň, ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo amerikan onlaýn-dükanlaryndan satuwdan iki programmany aýyrmagy talap etdi, 6-njy awgust gijesi bolsa Senat döwlet gullukçylaryna gulluk gurluşlarynda TikTok-y ulanmagy gadagan edýän kanuny biragyzdan goldady.
Ýatlap geçsek, Microsoft TikTok-y satyn almaga gyzyklanma bildirdi. Tramp 3-nji awgustda alyjynyň kim bolandygyna garamazdan, şertnamany 2020-nji ýylyň 15-nji sentýabryna çenli ýapmagy talap etdi. Eger-de ylalaşyk başa barsa, onda ByteDance Microsoft-a bir ýylyň içinde programmalaşdyrma koduny bermeli bolar. Hytaý hünärmenleriniň pikiriçe, kompaniýalaryň arasyndaky gepleşikler üç hepdäniň dowamynda tamamlanar.
“China Daily” hytaý neşiri sişenbe güni HHR-iň ABŞ-da ByteDance hytaý kompaniýasyny oňa degişli bolan TikTok programmany Microsoft kompaniýasyna satmaga mejbur edýändigi üçin jogap çärelerini kabul etjekdigi barada aýdylýan makalany neşir etdi.

Şeýle hem okap bilersiňiz:

şu gün 12:04
541

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

düýn 23:22
894

Jeýkob Elordi Bleu de Chanel-iň täze atyrynyň ýüzi boldy

Akýor Jeýkob Elordi meşhur erkek atyry bolan Bleu de Chanel-iň resmi ilçisi boldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär....

düýn 00:07
2.2k+

1X startapy ýylda 100 müň öý robotyny öndürjek zawod açdy

Norwegiýanyň 1X Technologies startapy Kaliforniýa ştatynyň Heýword şäherinde «Neo» atly gumanoid (adampisint) robotlary öndürýän zawodyny açdy....

11.05.2026 23:23
2.4k+

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......