Tramp TikTok hytaý programmasyny ABŞ-da gadagan etmek kararyna geldi

  • 02.08.2020 08:35
  • 9.9k+

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ýurduň çäginde TikTok programmasynyň gadagan edilýändigi barada karara gol çekmegi meýilleşdirýändigini habar berdi. Muny rg.ru ýetirýär.

“TikTok barada aýdylanda, biz olary Birleşen Ştatlarda gadagan edýäris. Men ertir resminama gol çekerin” – diýip, Tramp Floridadaky saýlawdan öňki çäreden yzyna gaýdanda, Air Force One prezident uçarynyň bortunda habarçylara aýtdy.

ABŞ-nyň hökümeti TikTok programmasyndan peýdalanýanlaryň şahsy maglumatlarynyň howpsuzlygy babatda biynjalygyň ýüze çykýandygyny birnäçe gezek aýtdy. Bu gelnen netije ABŞ-da programmanyň elýeterliligi we söwda üstünligi bilen millionlarça ulanyjylary özüne çeken ByteDance korporasiýasy tarapyndan esaslandyrylan TikTok-yň eýesi üçin uly urgy bolar.
TikTok YouTube we Facebook amerikan sosial torlary üçin ýeke-täk esasy daşary ýurt bäsdeşleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hünärmenler Ak öýüň hytaý kompaniýasyny ABŞ-da uly tehnologiýalaryň girdejili bazaryndan gysyp çykarmak isleýändigi baradaky pikiri hem inkär etmeýärler. Bu programmanyň kömegi bilen gysga wideorolikleri döretmek bolýar. Geçen ýyl kompaniýa onuň ABŞ-daky 26,5 million ulanyjysynyň 60% töwereginiň 16-dan 24-e çenli ýaşdaky adamlardygyny habar berdi. TikTok programmasynyň özi Hytaýda elýeterli däl we hytaý ulanyjylary muňa derek Douyin programmasyny ulanýarlar.
Belläp geçsek, “The New York Times” gazeti Microsoft-yň TikTok-y satyn almak barada ByteDance bilen gepleşikleri alyp barýandygyny habar berdi. Iýunda TikTok we ýene-de 60 töweregi hytaý programmasy Hindistanda ýurduň garaşsyzlygyna we howpsuzlygyna zyýan ýetiriji diýlip ýapyldy. TikTok-yň wekili kompaniýanyň ulanyjylarynyň maglumatlaryny daşary döwletlere ýaýradýandygy baradaky habary ret etdi.

düýn 11:37
4k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.6k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.5k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......