Tramp TikTok hytaý programmasyny ABŞ-da gadagan etmek kararyna geldi

  • 02.08.2020 08:35
  • 9.8k+

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ýurduň çäginde TikTok programmasynyň gadagan edilýändigi barada karara gol çekmegi meýilleşdirýändigini habar berdi. Muny rg.ru ýetirýär.

“TikTok barada aýdylanda, biz olary Birleşen Ştatlarda gadagan edýäris. Men ertir resminama gol çekerin” – diýip, Tramp Floridadaky saýlawdan öňki çäreden yzyna gaýdanda, Air Force One prezident uçarynyň bortunda habarçylara aýtdy.

ABŞ-nyň hökümeti TikTok programmasyndan peýdalanýanlaryň şahsy maglumatlarynyň howpsuzlygy babatda biynjalygyň ýüze çykýandygyny birnäçe gezek aýtdy. Bu gelnen netije ABŞ-da programmanyň elýeterliligi we söwda üstünligi bilen millionlarça ulanyjylary özüne çeken ByteDance korporasiýasy tarapyndan esaslandyrylan TikTok-yň eýesi üçin uly urgy bolar.
TikTok YouTube we Facebook amerikan sosial torlary üçin ýeke-täk esasy daşary ýurt bäsdeşleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hünärmenler Ak öýüň hytaý kompaniýasyny ABŞ-da uly tehnologiýalaryň girdejili bazaryndan gysyp çykarmak isleýändigi baradaky pikiri hem inkär etmeýärler. Bu programmanyň kömegi bilen gysga wideorolikleri döretmek bolýar. Geçen ýyl kompaniýa onuň ABŞ-daky 26,5 million ulanyjysynyň 60% töwereginiň 16-dan 24-e çenli ýaşdaky adamlardygyny habar berdi. TikTok programmasynyň özi Hytaýda elýeterli däl we hytaý ulanyjylary muňa derek Douyin programmasyny ulanýarlar.
Belläp geçsek, “The New York Times” gazeti Microsoft-yň TikTok-y satyn almak barada ByteDance bilen gepleşikleri alyp barýandygyny habar berdi. Iýunda TikTok we ýene-de 60 töweregi hytaý programmasy Hindistanda ýurduň garaşsyzlygyna we howpsuzlygyna zyýan ýetiriji diýlip ýapyldy. TikTok-yň wekili kompaniýanyň ulanyjylarynyň maglumatlaryny daşary döwletlere ýaýradýandygy baradaky habary ret etdi.

düýn 13:55
8.8k+

Güýçli gar sebäpli ABŞ-da adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

ABŞ-nyň demirgazyk-gündogarynda höküm sürýän syrgynly gar sebäpli 60 milliondan gowrak adam adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň täsir zolagyna düşdi. Bu barada Hill neşiri habar berýär. «Delawer, Massaçusets, Nýu-Ýork, Nýu-Jersi, Pensilwaniýa we Rod-Aýlend ştatlary adatdan daşary ýagdaý düzgünini yglan etdiler, bu bolsa 60 milliondan gowrak adama täsir etdi» diýlip, habarda aýdylýar...

22.02.2026 21:30
16k+

Britaniýaly zenan «dünýäniň iň baý adamy» boldy, ýöne puluny diňe kofe bilen kruassana sowup bilýär

Nottingem şäheriniň ýaşaýjysy Sofi Dauning garaşylmadyk ýagdaýda dünýäniň iň baý adamy boldy — iň bolmanda hasap ýüzünde. Ýöne ol pulunyy diňe kofehanada sarp edip bilýär diýip, The Mirror neşiri onuň gabat gelen ýagdaýyny beýan edýär...

21.02.2026 13:15
3.4k+

«The Big Bang Theory» serialynyň ýyldyzy özüni tanatman, ýat adamlaryň saglyk çykdajysyny töleýär

«Uly partlama teoriýasy («The Big Bang Theory») sitkomyndaky Raj Kutrappaliniň keşbi bilen tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan aktýor Kunal Naýýar gijelerine GoFundMe platformasyna girip, özüni tanatmazdan, düýbünden ýat adamlaryň lukmançylyk çykdajylaryny töleýändigini boýun aldy...

19.02.2026 21:38
7.3k+

Antarktidanyň kenarýakalarynda ilkinji gezek akula göründi

Awstraliýaly alymlar topary Antarktikanyň suwlarynda, Günorta Şetland adalarynyň golaýynda ilkinji gezek akulanyň bardygyny hasaba aldy. Bu barada Associated Press habarlar agentligi habar berýär. Günbatar Awstraliýa uniwersitetiniň professory Alan Jeýmison: «Biz ol ýerde akula göreris diýip garaşmandyk, sebäbi Antarktikada akulalar ýok diýen umumy kabul edilen ylmy garaýyş bardy» diýip belledi...