11-nji iýulda okuwa kabul etmek möwsümi başlanýar: haýsy resminamalar gerek?

  • 10.07.2022 19:07
  • 55k+

TmCars.info-nyň öň habar berşi ýaly, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalary tassyklanyldy.

Şol meýilnamalara laýyklykda, Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmeklik 2022-nji ýylyň 11-njy iýuly — 26-njy awgusty aralygynda guralar. Okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary bolsa welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde geçiriler.
Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärleriň haýsy hünärler boýunça talyplyga kabul edilýändigi, gerekli resminamalaryň sanawy, giriş synaglarynyň geçiriljek ýeri we seneleri, şeýle hem synaglaryň haýsy dersler boýunça geçiriljekdigi barada maglumat «Türkmenistan» we «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetleriniň 9-njy iýuldaky sanynda dolulygyna neşir edildi.
Bu gazetleriň elektron görnüşini ýükläp almak üçin şu salgylara basyň:


12.05.2026 20:28
1.2k+

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň uniwersitetleri akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy

Tokio şäherinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen Tokio daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň......

08.05.2026 22:36
2.9k+

Türkmen talyplary Sankt-Peterburgdaky halkara matematika olimpiadasynda baýrakly orunlary eýeledi

Sankt-Peterburgyň ITMO uniwersitetiniň binýadynda geçirilen Demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň XII halkara matematika olimpiadasynda (NCUMC-2026) türkmen talyplary uly üstünlik gazandy. Bäsleşik......

08.05.2026 12:46
1.4k+

Türkmenistan Skopýede geçirilen demografik durnuklylyk boýunça maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Makedoniýanyň paýtagty Skopýe şäherinde geçirilen Demografik durnuklylyk boýunça «Leading Change: People-centered paths to demographic resilience» atly sebit ministrler maslahatyna......

01.05.2026 23:32
10k+

Türkmenistanda geljekki birinji synp okuwçylaryna kompýuter sowgat bermek däbi dowam etdiriler

Türkmenistanda täze okuw ýylynda umumybilim berýän orta mekdepleriň birinji synpyna okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterleri sowgat bermek boýunça asylly däp dowam etdiriler. Degişli Karara anna......