Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalar 11-njy iýuldan alnyp başlanar

  • 09.07.2022 00:07
  • 37k+

2022-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine:

  • okuwa kabul etmegi 2022-nji ýylyň 11-njy iýuly — 26-njy awgusty aralygynda guramak,
  • okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde geçirmek tabşyryldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy. Döwlet toparyna 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek hem-de onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy.
Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi.


şu gün 10:46
483

Türkmenistanda Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýarmarkasyny guramak teklip edilýär

25-nji iýunda Aşgabatda Türkmenistanyň bilim ministri bilen Özbegistanyň ýurdumyzdaky ilçisi Rawşanbek Azadbekowiç Alimowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda bilim we ylym ugurlaryndaky özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy...

şu gün 10:34
1.3k+

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby “Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby” adyna mynasyp boldy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniñ roman-german we gündogar dilleri fakultetiniň italýan dili we edebiýaty hünäriniň 4-nji ýyl talyby Bahar Aýdogdyýewa “Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby” atly halkara bäsleşiginde I derejeli Diploma, döşe dakylýan nyşana we kuboga mynasyp boldy...

24.06.2025 00:28
3.9k+

Türkmenistanda arap diliniň fonetikasy we maglumat tehnologiýalary boýunça täze okuw kitaplary çykaryldy

Türkmen döwlet neşirýat gullugy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri we umumy bilim berýän orta mekdepleri üçin täze okuw kitaplaryny çykardy. “Arap diliniň fonetikasy”...

23.06.2025 01:32
8.9k+

Türkmenistanyň 14 sany ýokary okuw mekdepleri «THE Impact Rankings-2025» dünýä reýtinginiň sanawyna girdi

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 14-si «THE Impact Rankings-2025» atly her ýyl çap edilýän täsir etmegiň ählumumy reýtinginiň ýedinji neşirinde orun aldy. Bu ýokary okuw mekdepleri «Times Higher Education (THE)» Britan guramasynyň garaşsyz halkara bilermenleriniň ykrarnamasyna eýe boldular...