Türkmenistanda mekdepler üçin pars dili we biologiýa boýunça täze okuw kitaplary neşir edildi

  • 28.04.2026 23:02
  • 7.3k+

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň maslahaty boýunça ýurduň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary üçin iki sany täze okuw kitaby neşir edildi.

Habar berlişi ýaly, Türkmen döwlet neşirýat gullugy 6-njy synplar üçin «Pars dili (II daşary ýurt dili)» okuw kitabyny neşir etdi. Onuň awtorlary B.Atanyýazowa, B.Akmämmedowa we A.Aşyrowadyr.

Okuw kitaby okuw maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanyldy we daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Onda gaýtalamaga degişli maglumatlar, şeýle hem grammatika we leksika boýunça täze temalar göz öňünde tutuldy. Olaryň arasynda «Maşgala», «Mekdep», «Ýylyň pasyllary», «Hünärler», «Sanlar», «Dialoglar» ýaly temalar bar.

Kitapda okamak üçin tekstler, sözlük we suratlar ýerleşdirilipdir. Okuw kitaby mekdep okuwçylarynyň okamak, ýazmak we şahsy pikiriňi beýan etmek endiklerini ösdürmäge kömek eder, şeýle hem pars dilli ýurtlaryň medeniýeti baradaky bilimlerini giňelder.

Şeýle hem, tebigy ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen mekdepleriň 7-nji synplary üçin «Biologiýa (Ösümlikler, bakteriýalar, kömelekler, lişaýnikler)» okuw kitaby neşir edildi. Onuň awtorlary M.Akyýewa, P.Kepbanow, B.Annadurdyýewa, O.Rejepalyýewa we Ý.Atajanowdyr.

Gollanma 8 baby we 88 temany öz içine alýar. Olar ösümlikleriň ýaşaýyş işjeňligine, olaryň köpdürlüligine, oba hojalyk ekinlerine, Türkmenistanyň peýdaly ösümliklerine, ösümlik dünýäsiniň ösüşine, şeýle hem bakteriýalara, kömeleklere we lişaýniklere bagyşlanandyr. Her bir tema soraglar we amaly ýumuşlar bilen berkidilýär.

Okuw kitaby biologiýa, ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça bilimleri çuňlaşdyrmaga gönükdirilýär.


düýn 23:01
887

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy taslamalar sylaglandy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde......

02.06.2026 20:35
3.9k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

02.06.2026 19:33
6.6k+

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okuw tölegleri bir ýylda 10,7% gymmatlady

Russiýanyň uniwersitetlerinde okuw tölegleri bir ýylyň dowamynda ortaça 10,7% ýokarlandy. Bu barada Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, «Kommersant» gazeti habar berýär....

01.06.2026 17:06
3k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......