Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriniň Milli reýting ulgamy we Milli reýtingiň sanly portaly işe girizildi

  • 28.06.2025 00:50
  • 8.1k+

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň ýokary hünär bilimi edaralarynyň hil görkezijilerini dünýä standartlaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Öňde goýlan wezipelere laýyklykda, öňdebaryjy tejribeler öwrenilip, ýurdumyzda ýokary okuw mekdepleriniň Milli reýting ulgamy hem-de Milli reýtingiň sanly portaly işe girizildi. Munuň özi ýokary hünär bilimi ulgamynyň hil görkezijileri boýunça oňyn ösüşleri gazanmaga ýardam etdi.
Bu babatda alnyp barylýan işler bäsleşikli gurşawy döredip, her bir professor-mugallymyň, kafedranyň, fakultetiň we ýokary hünär bilimi edarasynyň hil görkezijilerini seljermek arkaly geljek üçin ösüş ugurlaryny aýratynlykda kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýere ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hil görkezijilerini dünýä standartlary esasynda kämilleşdirmek işlerini dowam etmegi tabşyrdy.


düýn 18:58
2.4k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.6k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.4k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......