BSGG maýmyn mamasynyň öňüni almak boýunça maslahatlary çykardy

  • 16.06.2022 18:54
  • 13k+

32 ýurtda maýmyn mamasynyň ýaýramagy bilen baglylykda saglygy goraýyş pudagynda Halkara adatdan daşary ýagdaýlar boýunça komitet 23-nji iýunda gyssagly mejlis üçin ýygnanyşar. Bu barada BSGG-niň ýolbaşçysy habar berip, hünärmenleriň maýmyn mamasynyň “halkara derejesinde adatdan daşary ýagdaýdygyny ýa-da ýokdugyny” maslahatlaşjakdygyny belledi. Muny BMG-niň saýty ýetirýär. 

Şu ýyl dünýäniň 39 ýurdunda maýmyn mamasynyň 1 600 tassyklanan we 1 500 tassyklanmadyk hadysasy ýüze çykaryldy. Ýedi ýurtda wirus endemiki hasaplanýar – ol ýerde ýokanç ýyllar boýy ýaýraýar, 32 ýurtda bolsa bu wirus ilkinji gezek ýüze çykaryldy.

Azyndan 72 hadysa ölüm bilen gutardy, ýöne olaryň ählisi maýmyn mamasynyň öňem duşan ýerlerinde hasaba alyndy. Ýewropada wirusyň ýaýramak töwekgelçiligi “ýokary”, planetanyň galan sebitlerinde bolsa “ortaça” hasaplanýar. Häzirki wagtda alymlara maýmyn mamasy barada ähli zat belli däl, ýöne BSGG ýagdaý serhetden çykýança garaşman, häzirden hereket etmegi makul hasaplaýar. Ilkinji nobatda, ilatyň habardarlygyny ýokarlandyrmak teklip edilýär.

Käbir ýurtlarda 1980-nji ýylda ýok edilen mama garşy sanjymlaryň strategiki ätiýaçlyklary saklanyp galdy. Bu birinji nesil sanjymlaryny häzirkizaman howpsuzlyk ölçeglerine we önümçilik ülňülerine laýyk gelmeýändigi sebäpli ulanmak maslahat berilmeýär.

Sanjymyň has soňky görnüşleri ulanylyp bilner, olaryň biri maýmyn mamasynyň öňüni almak üçin tassyklanypdy. Ýöne bu derman serişdeleriniň ätiýaçlyklary çäkli we BSGG häzirlikçe olara ählumumy elýeterliligi üpjün etmegiň strategiýalaryny ara alyp maslahatlaşýar.

“Häzirki wagtda BSGG köpçülikleýin sanjymy maslahat bermeýär. Mama ýa-da maýmyn mamasyna garşy sanjymy ulanmak baradaky mesele her bir anyk ýagdaýa baha bermegiň esasynda çözülmelidir” – diýlip, BSGG-niň täzelenen maslahatlarynda aýdylýar.

Näsag bilen gatnaşykda bolanlar üçin gatnaşykdan soň dört günüň içinde öňüni alyş üçin ikinji ýa-da üçünji nesil sanjymlaryny sançmak maslahat berilýär. Şeýle-de, hünärmenler lukmançylyk işgärlerine we degişli barlaghanalaryň işgärlerine sanjym etmegi teklip edýärler.


düýn 11:31
3.3k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......