Iş maslahaty: Serdar Berdimuhamedow häkimleriň hasabatlaryny diňledi

  • 04.05.2022 06:36
  • 11k+

3-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş maslahatynda, ilki bilen, sebitleriň ýolbaşçylary welaýatlarda alnyp barylýan işler barada gezekli-gezegine hasabat berdiler. Döwlet Baştutany, hususan-da, oba hojalygynyň iň jogapkärli möwsümleriniň biri bolan galla oragyna hem taýýarlyk görüp başlamagyň wagtynyň gelendigini belledi we onda ulanyljak kuwwatly kombaýnlary, galla daşaýjy awtoulaglary, beýleki zerur enjamlary, hasyly kabul ediş bölümlerini möwsüme taýýarlamak barada degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, ýerlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Gowaça ekişini gysga möhletde tamamlamak we ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak maksady bilen, işler bellenen tertibe laýyklykda dowam edýär. Mundan başga-da, ýurdumyzda ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek, bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler barada hasabat berildi.

Hasabatyň çäklerinde sebitlerde ýüpek gurçugyna ideg edilişine we piläniň öndürilmegine degişli alnyp barylýan işler baradaky meselä üns çekilip, şu günler ýurdumyzyň Mary we Lebap welaýatlarynda pileçi-kärendeçileriň pile tabşyryp başlandyklary barada habar berildi.


düýn 12:11
3.2k+

Türkmenistanyň Rumyniýada Aziýanyň medeniýetiniň festiwalyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy 9-njy iýulda Ploeşti şäheriniň Medeniýet merkezinde Prahowo etrabynyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda geçirilen Aziýanyň medeniýetiniň festiwalyna gatnaşdy. Türkmenistanyň...

düýn 12:05
6.1k+

Türkmenistanda 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy

Türkmenistanda Watan harmanyna guşgursak bugdaýyň 1 million 407 müň tonnasy tabşyryldy. Prezident Serdar Berdimuhamdow gallaçy daýhanlary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmegi bilen gutlady. "Ussat...

düýn 11:40
5.4k+

Raşid Meredow daşary ýurtly kärdeşleri bilen Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça üçünji maslahata taýýarlygy maslahatlaşdy

10-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Belarus, Moldowa, Burundi we Çad Respublikalarynyň daşary işler ministrleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...

10.07.2025 10:14
8.7k+

Gurbanguly Berdimuhamedow "Awazadaky" Kongresler merkeziniň halkara maslahata taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy

9-njy iýulda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kongresler merkezine baryp gördi. Bu ýerde awgust aýynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde dürli derejedäki duşuşyklar geçiriler...