Raşid Meredow daşary ýurtly kärdeşleri bilen Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça üçünji maslahata taýýarlygy maslahatlaşdy

  • 11.07.2025 11:40
  • 7.6k+

10-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Belarus, Moldowa, Burundi we Çad Respublikalarynyň daşary işler ministrleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk meselelerine üns berildi.
Belarus Respublikasynyň daşary işler ministri Maksim Ryženkow bilen
 söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar we ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem berkitmäge gyzyklanma bildirdiler.
Moldowa Respublikasynyň daşary işler ministri Mihai Popșoi bilen söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-moldowa hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Burundi Respublikasynyň daşary işler we ösüş maksatly hyzmatdaşlyk ministri Alber Şingiro bilen söhbetdeşlikde özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegine garadylar.
Çad Respublikasynyň daşary işler, afrikan integrasiýasy we daşary ýurtdaky çadlylaryň işleri boýunça ministri Abdulaýe Sabre Fadul bilen söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we ösdürmegiň geljegine garadylar.


05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
5.1k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....