Gurbanguly Berdimuhamedow "Awazadaky" Kongresler merkeziniň halkara maslahata taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy

  • 10.07.2025 10:14
  • 10k+

9-njy iýulda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kongresler merkezine baryp gördi. Bu ýerde awgust aýynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde dürli derejedäki duşuşyklar geçiriler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kongresler merkeziniň daş keşbini synlap, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyş derejesi bilen gyzyklandy.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejede geçiriljek duşuşyklaryň we gepleşikleriň jemleri boýunça kabul ediljek çözgütleriň, gazanyljak ylalaşyklaryň özara gatnaşyklary ösdürmekde ähmiýetli boljakdygyny, şoňa görä, binalaryň taýýarlyk derejesine zerur üns bermegiň wajypdygyny belledi. Halk Maslahatynyň Başlygy daşary ýurtly wekilleriň ýokary derejede işläp bilmekleri babatda zerur tagallalary etmek boýunça birnäçe maslahatlaryny berdi.
Bu ýerde guralýan halkara çäreleriň giňden beýan edilmegine hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri bu babatda öz maslahatlaryny berdi.
Bu binanyň häzirki zamanyň iň täzeçil tehnologiýalary esasynda enjamlaşdyrylandygy, olarda gepleşikleri we duşuşyklary geçirmek, wakalary giňden beýan etmek boýunça ähli zerur şertleriň döredilendigi barada jikme-jik maglumatlar berildi.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow gämä münüp, deňziň çägi boýunça ýüzüşi amala aşyrdy. Ýüzüşiň dowamynda deňziň kenarynda ýaýbaňlandyrylan işler bilen tanyşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan gurluşyk we abatlaýyş işleriniň hem depginlerini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belläp, dynç alyş zolagynyň çägini giňeltmek, abatlaýyş işlerini çaltlandyrmak babatda öz degerli maslahatlaryny berdi.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow halkara maslahatyň çäklerinde medeni-ynsanperwer çäreleriň ýaýbaňlandyryljak ýerine geldi. Bu ýerde Milli Liderimiziň garamagyna Awazanyň medeni çäreleri geçirmek üçin niýetlenen merkeziniň abatlaýyş işlerine degişli şekil taslamalary we desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimleriniň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary, çaýhananyň, oýun-güýmenje meýdançalarynyň taslamalary, bu ýerde we suw çüwdürimleriniň howdanlarynda oturdyljak mermerleriň, oturgyçlaryň, yşyklandyryş ulgamynyň, merkeziň çäginiň germewleriniň görnüşleri, çykyş etmäge niýetlenen sahnanyň abadanlaşdyrylyşy ýaly taslamalar bar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi. Bellenilişi ýaly, deňziň kenarynda geçiriljek halkara forumyň medeni maksatnamasynyň taýýarlanylmagyna toplumlaýyn esasda çemeleşilýär. Şeýle hem iri maslahatyň hormatyna özboluşly dostluk festiwalynyň guraljakdygy, oňa Merkezi Aziýanyň we beýleki ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändikleri barada aýdyldy.
Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy käbir myhmanhanalaryň taýýarlyk derejesi we olarda döredilen şertler bilen tanyşdy. Milli Liderimiz öňde boljak halkara foruma gatnaşýan myhmanlar üçin niýetlenen otaglar bilen tanyşdy. 
Şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda halkara foruma çenli az wagtyň galandygyny nazara alyp, ýerine ýetirilýän işleriň depginini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Balkan welaýatyna iş sapary dowam edýär.


14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......