Türkmenistanyň Rumyniýada Aziýanyň medeniýetiniň festiwalyna gatnaşdy

  • 11.07.2025 12:11
  • 4.7k+

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy 9-njy iýulda Ploeşti şäheriniň Medeniýet merkezinde Prahowo etrabynyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda geçirilen Aziýanyň medeniýetiniň festiwalyna gatnaşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, festiwala şeýle hem Bangladeşiň, Hindistanyň, Indoneziýanyň, Malaýziýanyň, Şri-Lankanyň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň we Filippinleriň Rumyniýadaky ilçihanalary gatnaşdy.

Çärä ýerli häkimiýetleriň wekilleri, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik işgärleri, Prahowanyň ýaşaýjylary we KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.
Açylyş dabarasynyň çäginde öz çykyşlarynda Prahowo etrabynyň Söwda-senagat edarasynyň Prezidenti Aurelian Gogulesku we gatnaşyjylar medeni dialogyň hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler.
Şeýle hem medeni mirasynyň baýlygyny we etnik köpdürlüligini görkezýän Aziýa ýurtlarynyň milli eşikleriniň görkezilişi geçirildi.
Festiwalyň dowamynda ilçiler bilen Prahowanyň administrasiýasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirilip, ikitaraplaýyn gatnaşyklary hem-de sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy.
Medeni sergide türkmen tarapy däp bolan egin-eşikleri, senetçilik sungatynyň nusgalaryny, halylary, saz gurallaryny, Magtymguly Pyragynyň eserlerini, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryny hödürledi.
Çäräniň jemleýji tapgyry gatnaşyjy ýurtlaryň aşpezlik däpleri bilen tanyşlyk bilen tamamlandy.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.8k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......