Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylar

  • 25.04.2026 07:44
  • 3.9k+

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işini kämilleşdirmek we önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler durmuşa geçirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda zawodyň kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak, nebiti çuňňur gaýtadan işlemek we önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli çäreler amala aşyrylýar. Bu işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi kärhanany döwrebap enjamlar bilen üpjün etmäge hem-de önümçilik kuwwatyny has-da artdyrmaga mümkinçilik berer.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna önümçiligi kämilleşdirmäge gönükdirilen degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda nebitgaz senagatyny döwrebap derejede ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutany Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň desgalaryny döwrebaplaşdyrmak baradaky teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

düýn 08:04
6.1k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......