Beýik Britaniýada batareýa bilen işleýän ilkinji ýolagçy otlusy ulanmaga berildi

  • 10.02.2026 13:53
  • 3.6k+

Beýik Britaniýada sap batareýa bilen işleýän ilkinji ýolagçy otlusy ulanmaga berildi. Interesting Engineering neşiriniň habar bermegine görä, otly «Great Western Railway» (GWR) operatorynyň «Greenford» şahasyna yzygiderli gatnawlara başlady.  
230-njy kysymly (№ 230001) otly Londonyň günbatar böleginde «West Ealing — Greenford» ugry boýunça gatnaýar. Ýoluň uzynlygy bir tarapa takmynan 8 km deňdir. 12 minutlyk ýoluň ugrunda dört sany duralga bar.  Birinji tapgyrda otly şenbe günleri dizel ýangyçly düzüme derek işledilýär. Doly şertlerde ulanmak boýunça ýygnalýan maglumatlary seljerip, geljekde otlynyň gatnaw tertibini ýylboýy giňeltmek meýilleşdirilýär.
22 aýlyk synaglaryň dowamynda otly bir gezeklik zarýad bilen geçilýän aralykda 322,6 km ýol geçip, dünýä rekordyny goýdy. Mundan ozalky rekord 2021-nji ýylda Germaniýada hasaba alnyp, ol 223,7 km deň bolupdy.
Zarýad beriş işi «West Ealing» stansiýasyndaky relsiň gysga bölegine gurnalan 2000 kilowatlyk zarýad beriji enjam arkaly amala aşyrylýar. Rels diňe otly onuň üstünde doly duran wagty işe girizilýär. Bu bolsa gatnawlaryň arasyndaky 3,5 minudyň dowamynda doly zarýad almaga mümkinçilik berýär.
«Şowly geçen synaglar batareýa tehnologiýasynyň kontakt ulgamy arkaly elektrikleşdirme işine ygtybarly we netijeli alternatiwa bolup biljekdigini tassyklady» diýip, GWR-iň inženerçilik direktory Saýmon Grin belledi.
Edil şonuň ýaly, «Network Rail-iň» günbatar ugrunyň direktory Markus Jons hem demir ýolunyň ekologik aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen, batareýaly otlularyň 2050-nji ýyla çenli zyýanly galyndylary nola düşürmek maksadyna ýetmekde esasy orny eýelejekdigini nygtaýar. 


şu gün 10:51
307

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
2.9k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......