Türkmenistan Owganystan boýunça Tähranda geçirilen maslahatlara gatnaşdy

  • 17.12.2025 11:58
  • 6.8k+

Türkmenistan 14-nji dekabrda Tähranda Owganystan boýunça geçirilen ýokary derejeli sebit duşuşygyna gatnaşdy. Maslahatyň esasy maksady — ýurtdaky ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin sebitara çemeleşmeleri utgaşdyrmakdan ybarat boldy.

Maslahata Owganystanyň goňşy döwletleriniň we sebit hyzmatdaşlarynyň, hususan-da, Eýranyň, Pakistanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Hytaýyň we Täjigistanyň ýörite wekilleri gatnaşdy. Gatnaşyjylar Owganystanda durnuklylygy üpjün etmekde goňşy döwletleriň esasy ornuny tassykladylar. Şeýle hem durnuklylygyň diňe daşky taraplaryň sebit işlerine gatyşmazlyk şerti bilen mümkindigini nygtadylar.
Taraplar Owganystan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary saklamagyň ähmiýetine ünsi çekdiler. Bu çemeleşme ykdysady ösüşi owgan halkynyň durmuşyny gowulandyrmagyň we sebit integrasiýasynyň esasy faktory hasaplaýan Türkmenistanyň ugruna doly gabat gelýär.

Türkmenistan özüniň bitaraplyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň çäklerinde owgan halkyna yzygiderli ynsanperwer kömegini bermegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Ýurdumyz owgan halkynyň abadançylygyna goşant goşjak düzümleýin taslamalary amala aşyrmaga goldaw bermäge taýýardygyny bildirdi.
Duşuşyga gatnaşyjylar serhetüsti meseleleri çözmekde diplomatik guraly ulanmaga çagyrdylar. Şeýle hem Pakistanyň geljek ýylyň martynda Yslamabatda ýörite wekilleriň ikinji duşuşygyny geçirmäge taýýarlygy gyzgyn garşylandy. Bu duşuşyklar sebitde syýasy durnuklylygy we ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin goşny döwletleriň amaly hem-de durnukly strategiýany durmuşa geçirýändigini görkezýär.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......