Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň raýatlaryny Bitaraplygyň ýubileý medallary we nyşanlary bilen sylaglady

  • 13.12.2025 16:57
  • 9k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň şu raýatlaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda resminamalara gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, bu sylaglar Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki halkara abraýyny hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine laýyklykda berkitmäge goşan uly şahsy goşantlaryny, ýurdumyzda ylmy, bilimi, medeniýeti we sungaty, saglygy goraýyş ulgamyny hem-de beýleki pudaklary ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamalary durmuşa geçirmekde gazanan üstünliklerini, ösüp gelýän ýaş nesli ata Watanymyza bolan söýgi we wepalylyk, mertlik, halallyk, ýokary ruhubelentlik häsiýetlerinde terbiýelemek işinde bitiren hyzmatlaryny, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerini hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli gowşurylýar.
Resminamalara laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglanyldy:

  • S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gidrotehniki desgalar kafedrasynyň müdiri, professor Italmaz Saparlyýew,
  • Türkmenbaşynyň Ruhy metjidiniň mütewellisi Meretgeldi Gulgeldiýew,
  • «Altyn nesil» hojalyk jemgyýetiniň alypbaryjy inženeri Kakajan Täşliýew,
  • Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Garagan geňeşliginiň Garagan obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Gurbangeldi Aýlyýew,
  • «Balkan welaýatynyň baş metjidi» dini guramasynyň başlygy, baş ymamy Ýazmyrat Atamyradow,
  • Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Abdyrahman Begjanow,
  • Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Köneürgenç şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Toýly Kurbanmetow,
  • Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Annagylyç Ataýew adyndaky geňeşliginiň Hangala obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Henip Zahyrow,
  • «Lebap welaýat baş metjidi» dini guramasynyň baş ymamy Ereş Babajanowiç Talipow,
  • Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Altyn asyr geňeşliginiň Çilan obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Garly Bazarow,
  • Mary welaýatynyň «Gurbanguly hajy» dini guramasynyň başlygy, baş ymamy Amangeldi Agajanowiç Myradow,
  • Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Agzybir geňeşliginiň Arkadag obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Allaberdi Çaryýew.

27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......