Aşgabatdaky forumyň çäklerinde Serdar Berdimuhamedowyň Wladimir Putin bilen duşuşygy geçirildi

  • 13.12.2025 12:31
  • 12k+

12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy forumyň üstünlikli geçirilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, ýurdumyzyň alyp barýan Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berdi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasaty sebitde durnuklylygy üpjün etmäge ýardam berýär, dünýä ýurtlary, şol sanda Russiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär.
Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi we ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan gatnaşyklaryň ozaldan gelýän dostluga, ynanyşmaga, özara düşünişmäge esaslanýandygyny aýtdy. Söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde aýratyn orun eýeleýär. Medeni-ynsanperwer ulgam hem özara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup çykyş edýär. Şunda ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen hemmetaraplaýyn köpugurly hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklap, türkmen-rus gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.


şu gün 18:14
322

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

şu gün 12:31
3.1k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
550

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
684

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......