Eýranyň Prezidenti sebitde parahatçylyk, durnuklylyk we ösüş üçin Aşgabat forumynyň ähmiýetini belledi

  • 13.12.2025 00:31
  • 4.9k+

12-nji dekabrda Aşgabatda Maslahatlar merkezinde geçirilen Halkara forumyň barşynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian çykyş etdi.

Masud Pezeşkian bu maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna hoşallyk bildirip, bu çäräniň ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabat gelmeginiň möhüm ähmiýetini belledi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynda döredilen Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary topary ýurduň bu ugurdaky tagallalaryny görkezýän möhüm başlangyçdyr.

"Üç ýyl mundan ozal Eýran Yslam Respublikasy bu başlangyjy buýsanç bilen goldap, hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim edipdi. Bu gün hem biz parahatçylygy söýýän eýran halkynyň adyndan halkara we sebit derejesinde parahatçylyk ugrunda hyzmatdaşlyk tagallalaryny doly goldaýandygymyzy ýene bir gezek nygtaýarys", diýip Prezident Masud Pezeşkian aýtdy.

Şeýle hem ol parahatçylygyň we ösüşiň diňe deňhukukly dialog, hyzmatdaşlyk, halkara hukugyna hormat goýmak arkaly mümkindigini belläp, bu forumyň umumy maksatlary ilerletmek hem-de sebitiň ýurtlarynyň parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi üçin binýat döretjekdigine ynam bildirdi.


şu gün 22:09
159

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

şu gün 18:14
412

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

şu gün 12:31
3.1k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
550

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......