Wladimir Putin Aşgabat Jarnamasynyň taslamasyna ýokary baha berip, ony goldady

  • 13.12.2025 00:19
  • 10k+

Türkmenistanyň mundan 30 ýyl ozal hemişelik Bitaraplyk ýoluny saýlap almagy Garaşsyz we özygtyýarly döwlet hökmünde strategik ösüş ugruny kesgitledi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen Halkara forumda eden çykyşynda bu barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň sebitde we dünýäde uly hormatdan hem-de abraýdan peýdalanýan ýurtdugyny nygtady.

Wladimir Putiniň belleýşi ýaly, 12-nji dekabr Türkmenistanda milli baýram hökmünde bellenilýär. Soňra türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça hut şol gün BMG tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan özüniň baý taryhy, medeni we ruhy mirasyna daýanmak bilen yzygiderli ösýär, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda we durmuş ulgamynda belent sepgitlere ýetýär. Ýurt oňyn, oýlanyşykly daşary syýasaty alyp barýar, sebit we halkara howpsuzlygynyň we durnuklylygynyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar, dünýä proseslerinde oňyn hyzmatdaşlyk we özara ynanyşmak ýagdaýynyň kemala gelmegi üçin yzygiderli tagallalary edýär.
Şunuň bilen baglylykda, W.Putin türkmen tarapynyň taýýarlan Aşgabat Jarnamasynyň taslamasyna ýokary baha berip, onuň şu gezekki forumyň dowamynda alnyp barylýan bilelikdäki işiň möhüm netijesi boljakdygyny aýtdy hem-de Russiýanyň bu resminamany doly goldaýandygyny we onda beýan edilen, BMG-niň Tertipnamasynda berkidilen halkara gatnaşyklaryň möhüm ýöreleglerine berk ygrarlydygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, bu ýörelgeleriň hatarynda parahatçylyk söýüjilikli hem-de beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyk; ýurtlaryň we halklaryň özboluşly ösüş modeline, öz dünýägaraýşyna, ýörelgelerine we dini ynamyna bolan hukuklaryna hormat goýmak ýaly taglymlar bar.
Russiýa Fedrasiýasynyň Prezidenti çykyşynyň ahyrynda Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen ýene bir gezek gutlady, şeýle hem Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk edýändigini belläp, uly üstünlikleri arzuw etdi.


düýn 11:28
557

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.7k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
1k+

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......