Türkmenistanyň DIM-nde birnäçe halkara guramalarynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi

  • 12.12.2025 18:29
  • 3.2k+

11-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Aşgabatda iri halkara guramalarynyň: BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA), Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG), Halkara zähmet guramasynyň (HZG) we Gyzyl Haç Halkara Komitetiniň (GHKHK) wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Duşuşyklaryň dowamynda häzirki hyzmatdaşlygyň jemleri jemlendi we 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

ÝUNFPA-nyň Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory Çinwe Ogbonna, şeýle hem HZG-niň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Býurosynyň mynasyp zähmet meseleleri boýunça tehniki goldaw toparynyň direktory Mihail Puşkin bilen geçirilen gepleşikleriň çäklerinde, golaýda geçirilen “Zenanlaryň häzirki zaman jemgyýetinde orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrundaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly Halkara maslahatyň ähmiýeti bellenildi.

Bu mesele GHKHK-nyň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Bilýana Milosewiç bilen geçirilen gepleşiklerde-de gozgaldy. Taraplar bilelikdäki işleriň netijeleri barada pikir alyşdylar we halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryny nazara almak bilen, geljekde hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
GHKHK-nyň wekiline Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşandygy üçin hem minnetdarlyk bildirildi.

BSGG-niň Ýewropa Bileleşigindäki wekili we BSGG-niň Saglygy goraýyş ulgamyndaky global diplomatiýa boýunça Ýewropa sebit merkeziniň ýolbaşçysy Oksana Domenti bilen geçirilen duşuşyk hyzmatdaşlygy ösdürmek we Türkmenistanyň BSGG bilen 2026–2030-njy ýyllar üçin Ýurt hyzmatdaşlyk Strategiýasyny taýýarlamagy tamamlamak meselesine bagyşlandy. Türkmen tarapy hünärmenleri taýýarlamak üçin ähmiýetini ykrar edip, BSGG-niň 2026-njy ýylyň başynda ýurtda saglygy goraýyş diplomatiýasy boýunça okuw kursuny geçirmek baradaky başlangyjyna oňyn baha berdi.


düýn 19:38
4.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......