Serdar Berdimuhamedow Sadyr Žaparowy doglan güni bilen gutlady

  • 06.12.2025 16:30
  • 5.4k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Gyrgyz Respublikasy Siziň öňdengörüjilikli, ynamly ýolbaşçylygyňyzda döwlet gurluşyny pugtalandyrmakda, jemgyýetçilik-ykdysady ösüşde hem-de halkara derejede ýurduň abraýyny has-da belende galdyrmakda uly üstünlikleri gazanmagyny dowam etdirýär” diýlip, hatda bellenilýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň işjeň we netijeli häsiýetini belläp, ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge Prezident Sadyr Žaparowyň aýratyn üns berýändigini hem-de şahsy goşandyny nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Sadyr Žaparowa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Gyrgyzystanyň halkynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Sadyr Žaparow 1968-nji ýylyň 6-njy dekabrynda dünýä indi. 2021-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda ýurduň Prezidenti boldy. 


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......