Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetinde nämeler göz öňünde tutuldy: sanlar we maglumatlar

  • 24.11.2025 10:01
  • 10k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on birinji maslahatynda “Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy biragyzdan kabul edildi. Kanun 24-nji noýabrda "Türkmenistan" gazetinde çap edildi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti girdejiler we çykdajylar boýunça 131 845,1 mln. manat möçberinde, şol sanda býujetiň birinji derejesi girdejiler we çykdajylar boýunça 36 500,0 mln. manat möçberinde tassyklanyldy.
Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Merkezleşdirilen býujeti girdejiler we çykdajylar boýunça 119 703,3 mln. manat möçberinde, şol sanda býujetiň birinji derejesi girdejiler we çykdajylar boýunça 24 358,2 mln. manat möçberinde tassyklanyldy.
Kanunda ýerli býujetler 15 521,0 mln. manat möçberinde, şol sanda Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we welaýatlaryň býujetleri aşakdaky möçberlerde tassyklanyldy:

  • Aşgabat şäheri - 2 742,8 mln. manat
  • Arkadag şäheri - 299,9 mln. manat
  • Ahal welaýaty - 1 893,8 mln. manat
  • Balkan welaýaty - 1 662,3 mln. manat
  • Daşoguz welaýaty - 2 808,7 mln. manat
  • Lebap welaýaty - 3 125,6 mln. manat
  • Mary welaýaty - 2 987,9 mln. manat

Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalary diýlip bellenildi.
2026-njy ýylda Türkmenistanyň Döwlet býujetine beýleki çeşmelerden gelip gowuşýan goşmaça girdejiler, şeýle hem girdejileriň çykdajylardan artyk gelen pul möçberleri, birinji nobatda bank karzlary boýunça bergini üzmek, döwletiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek ugurlaryny maliýeleşdirmek üçin gönükdirilýär.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň Kanunlaryndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryndan, Kararlaryndan we Buýruklaryndan gelip çykýan zerur bolan takyklamalary Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň görkezijilerine girizmek, şeýle hem Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilmeginiň barşynda ähli çykdajy maddalary boýunça tygşytlanan serişdeleri zerur bolan ýagdaýlarda beýleki çykdajy maddalara gönükdirmek tabşyryldy.
Hökmany döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyna pensiýa gatançlary Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň býujetiniň girdejiler boýunça göz öňünde tutulan meýilnamasyndan artyk gelip gowşan halatynda, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasyna tölegler Döwlet býujetiniň çykdajylar boýunça bellenen meýilnamasyndan şol möçberde artyk amala aşyrylyp bilner diýip bellenildi.


şu gün 19:38
473

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

şu gün 19:26
296

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

şu gün 11:05
2.8k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

düýn 20:55
2.6k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......