Serdar Berdimuhamedow Daşkentdäki «Garaşsyzlyk» ýadygärligine gül goýdy

  • 17.11.2025 11:58
  • 4.9k+

17-nji noýabrda Özbegistanda döwlet saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow saparynyň ikinji gününiň maksatnamasyny «Ýangi Uzbekiston» seýilgähinde «Garaşsyzlyk» ýadygärligine gül goýmakdan başlady. Bu ýerde guralan dabara Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary hem gatnaşdylar. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berdi.

Seýilgäh 100 gektardan gowrak meýdany eýeläp, ýurduň iň uly medeni we dynç alyş seýilgähi hasaplanýar. Ol 2021-nji ýylyň 31-nji awgustynda Özbegistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli açyldy.
Mälim bolşy ýaly, «Garaşsyzlyk» ýadygärligi Özbegistanyň, onuň edermen we gaýduwsyz, parahatçylyk söýüji, zähmetsöýer halkynyň şanyna dikeldildi. Heýkel kompozisiýasynyň ýokarsynda parahatçylygy, azatlygy, hoşniýetliligi hem-de abadançylygy alamatlandyrýan, buýsançly ganatlaryny ýaýyp duran humaý guşunyň keşbi ýerleşdirilipdir. Onuň eteginde «Halkymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyran ata-babalarymyzyň müdimilik hakydasyna» diýen sözler ýazylypdyr. Ýokardan seretseň, seýilgähiň görnüşi ägirt uly daragty ýatladýar. Şondan bäş şaha uzalyp gidýär. Munuň özi Hereketleriň strategiýasynyň ileri tutulýan bäş ugruny alamatlandyrýar.

Seýilgähiň merkezi böleginde «Garaşsyzlyk» ýadygärligi ýerleşýär. Ol biziň eýýamymyza çenli özbek topragynda döredilen döwletleri, beýik şahsyýetleriň durmuşyny we bitiren işlerini açyp görkezýän taryhyň üç döwrüni özünde jemleýändigi bilen ünsi özüne çekýär.


düýn 19:38
4.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......