Ösümlik ýaglarynyň öndürijiligini we hilini ýokarlandyrýan täze tehnologiýa döredildi

  • 16.11.2025 15:42
  • 1.1k+

Russiýada WDITU-nyň (Woronež Döwlet Inženerçilik Tehnologiýalar uniwersiteti) alymlary ösümlik ýaglaryny öndürmegiň täze tehnologiýasyny döredip, oňa patent aldylar. Bu barada TASS agentligi uniwersitetiň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.

Täze usulda däneleri gaýtadan işlemezden öň onuň gabygyny aýyrmak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa gabyksyz ýagly ekinleri ýitgisiz gaýtadan işlemegi hem-de belogyň ýitgilerini iki–üç esse azaltmagy üpjün edýär.
Uniwersitetiň düşündirişine görä, adatça ösümlik ýaglary däneleriň gabygyny aýyrmazdan öndürilýär. Däne gabygynyň düzüminde süýüm, azotsyz maddalar we takmynan 2% lipid bar, olar öndüriliş wagty ýag içine düşüp, onuň hilini peseldýär.
Täze açyşyň awtorlarynyň biri, tehniki ylymlaryň doktory Aleksandr Ostrikowyň bellemegine görä, gabyk möçberi göni önümiň hiline täsir edýär — gaýtadan işleýän dänede gabyk näçe köp bolsa, alynýan ýagyň kislotalylyk derejesi şonça ýokary bolýar. Mundan başga-da, gabyk enjamyň öndürijiligini peseldýär, sebäbi onuň inçe göwrüminiň bir bölegini eýeleýär. Ostrikowyň sözlerine görä, täze tehnologiýa belogyň ýitgilerini azaltmaga we önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga kömek edýär.
Täze proses gyzdyrmak, gabykdan arassalamak, ýeleşdirmek, fotosortirleme we iki tapgyrly ýylylyk-nem işläp taýýarlamak ýaly basgançaklary öz içine alýar. Bu tehnologiýa sport iýmiti, et önümleri, kombinirlenen iýmler hem-de öý haýwanlarynyň iýmiti üçin ulanylýan belok konsentratlarynyň önümçiligini artdyrmaga mümkinçilik berip biler.


şu gün 10:53
434

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
1.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....