Hytaý şäherlerinde geljek üç ýylda “uçýan awtomobiller” peýda bolar

  • 10.11.2025 13:02
  • 7k+

Dik uçuş we gonuş bilen elektrik uçýan taksileri işläp düzüji EHang hytaý kompaniýasy geljek üç ýylyň dowamynda uly howa menzillerinden şäherlere täjirçilik sürüjisiz gatnawlary ýola goýmagy meýilleşdirýär diýip, Financial Times habar berýär.

Ilkinji hyzmatlar Şençžen we Hefeý ýaly şäherlerde elýeterli bolar. Bu çemeleşme tehnologiýanyň ornaşdyrylmagyny aňsatlaşdyrar, çünki howa menzillerinde eýýäm amatly uçuş meýdançalary bar. Soňra gatnawlar şäher gurşawyna çenli giňeldiler.
Kompaniýa Guançžouda we Hefeýde täjirçilik syýahatçylyk gatnawlaryny amala aşyrmak üçin ygtyýarnama aldy. Uçuşlar ýylyň ahyryna çenli başlar, ýöne şäherlerden uzakda we diňe tassyklanan ugurlar boýunça ýerine ýetiriler. Howa menzillerinden şäherlere gatnawlar üçin infrastruktura hem şeýle shema boýunça gurlar. Gatnawyň bahasy 30 dollar töweregi bolar, bu bolsa premium taksi bilen deňeçer we kaşaň awtomobilden ep-esli arzandyr.  
Şeýle-de, kompaniýa 2030-njy ýyla çenli “howa ýollary” hyzmatyny işe girizip, degişli infrastruktura bolan ýagdaýynda kesgitlenen ugurlardan daşary uçuşlara rugsat bermegi meýilleşdirýär.
Ahyrynda, “uçýan awtomobiller” syýahatçylygyň çäginden çykar. Şu ýyl Hytaýyň pes belentlik ykdysadyýeti, takmynan, 210 mlrd dollar diýlip hasaplanýar. Elektrik uçýan enjamlaryň bu bazarda paýy entek, ýöne 2025-nji ýylda ösüşiň bolmagyna garaşylýar. 2026-njy ýylda XPeng-iň iki orunlyk uçýan modullary bazara çykar. Eger EHang 2027-nji ýyla çenli ýylda 1000-e golaý elektrik uçýan enjamyny çykaryp bilse, XPeng her ýyl 10 müň enjam öndürmegi meýilleşdirýär.


23.06.2026 13:48
4.2k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6.1k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....