Ýaponiýada ýabany köklerden alnan täze üzüm sorty döredildi

  • 08.11.2025 07:13
  • 4.7k+

Okaýamanyň Tebigy ylymlary uniwersitetiniň alymlary Muskat Siragaý atly täze üzüm sortuny döretdiler. ScienceDaily-niň ýazmagyna görä, ol süýjüligi we ýumşak tagamy bilen tapawutlanýar hem-de geljekde giň gerimde ösdürip ýetişdirmek üçin uly mümkinçiliklere eýe.

Täze sort Okaýama prefekturasynyň Takahasi derýasynyň boýunda ösýän ýabany ýapon üzümi bolan Siraga bilen Aleksandriýa Muskatynyň çaknyşdyrylmagy netijesinde alyndy. Taslama hormatly professor Takudzi Hosino ýolbaşçylyk etdi. Ol seýrek duş gelýän ýabany ösümlikleriň genetiki aýratynlyklaryny saklaýan täze sort döretmek, şeýle hem çakyr öndürmek we syýahatçylyk arkaly sebitiň ösüşine goşant goşmak maksadyny göz öňünde tutandygyny aýtdy.
Ilkinji synaglar 2018-nji ýylda Kurasiki şäher häkimligi we Funao çakyr zawodynyň goldawy bilen başlandy. 2022-nji ýylda çakyr nusgalary alnyp, şeker düzümi, turşulyk we tagam boýunça barlagdan geçirildi. Sort resmi taýdan Muskat Siragaý diýlip atlandyryldy we onuň geljek 4–5 ýylda doly hasaba alynmagyna garaşylýar.

Häzirki wagtda uniwersitetiň we çakyr zawodynyň meýdançalarynda bu üzümiň takmynan 20 düýbi ösdürilip ýetişdirilýär. 2024-nji ýylda olar 41,6 kg hasyl berdi. Mundan başga-da, 2023-nji ýylyň ahyrynda goşmaça 300 düýp nahal oturdyldy. Maksat — 2028–2029-njy ýyllara çenli ýyllyk hasyly 500 kilogramdan ýokary derejä ýetirmek.


şu gün 10:53
434

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
1.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....