Türkmenistan Owganystana duýgudaşlyk bildirdi we ynsanperwerlik kömegini bermäge taýýardygy barada aýtdy

  • 05.11.2025 12:16
  • 14k+

Türkmenistan Owganystanyň demirgazygynda bolup geçen we adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelere getiren ýertitremesi bilen baglanyşykly Owganystana duýgudaşlyk bildirdi. Bu barada 4-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Owganystanyň Türkmenistandaky Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Fazal Muhammad Sabir bilen duşuşygynda aýtdy.

A.Gurbanow bu habaryň Türkmenistanda çuňňur gynanç bilen kabul edilendigini we ýurdumyzyň doganlyk Owganystanyň ilatyna golaý wagtda ynsanperwerlik kömegini bermäge taýýardygy barada aýtdy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan halkymyzyň kyn wagtda kömege mätäçlere goldaw-hemaýat bermegiň gadymy däplerini döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmagyň esasy hökmünde dowam etdirýär.
Muny Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan dünýäniň dürli ýurtlarynyň, şol sanda Owganystanyň heläkçilikler zerarly ejir çeken çagalaryna we ilatyna yzygiderli esasda iberilýän ynsanperwerlik kömeginiň mysalynda-da aýdyň görmek bolýar.


düýn 18:57
1k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
969

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
993

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......