Türkmenistanyň wekiliýeti Pekinde “Zenanlaryň bütindünýä sammiti -2025-de” çykyş etdi

  • 19.10.2025 08:07
  • 7.9k+

13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň başlygy Oguljennet Berdiliýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Pekinde geçirilen «Zenanlaryň bütindünýä sammiti – 2025» atly halkara foruma gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Sammitiň «Umumy geljek: zenanlaryň hemmetaraplaýyn ösüşiniň täze we tizleşdirilen tapgyry» diýen mowzugy astynda geçirilen mejlisinde çykyş eden O.Berdiliýewa Türkmenistanda zenanlaryň hukuklaryny üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.
Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi, iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri hökmünde, jemgyýetde zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak, gender deňligini öňe sürmek we maşgalanyň institutyny berkitmek boýunça milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine işjeň gatnaşýar.
Öz çykyşynda O.Berdiliýewa türkmen zenan telekeçilerine berilýän goldaw, oba ýerlerinde durmuşa geçirilýän taslamalar, ýaş hünärmen zenanlara bilim we hünär taýdan ösüşde kömek bermek, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem belläp geçdi. Türkmenistanda zenanlaryň täze  – ynamly, bilimli, watançy we dünýä açyk ruhda terbiýelenmegine aýratyn üns berilýär.
Türkmenistanyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlykda 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş ugrundaky Gün tertibiniň, hususan-da, 5-nji maksadynyň – gender deňligini üpjün etmegiň ýerine ýetirilmegine işjeň gatnaşýandygyny hem nygtaldy.
Şu ýyl Pekinde geçirilen Zenanlaryň ýagdaýy boýunça IV Bütindünýä maslahatynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Şol maslahata dünýäniň dürli künjeginden müňlerçe zenan gatnaşyp, Pekin Jarnamasyny we Hereketleriň Platformasyny kabul edipdiler. Bu resminama dünýäniň ähli ýerindäki zenanlaryň meselelerini ýüze çykarmak we olaryň çözgüt ýoluny görkezmek bilen, ýurtlaryň köpüsinde, şol sanda Türkmenistanda hem zenanlaryň ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen özgertmeleriň güýçli itergisi bolup hyzmat etdi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......