Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda Brýusselde «Global Gateway 2025» forumy geçirildi

  • 14.10.2025 21:48
  • 3.1k+

9–10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Belgiýa Patyşalygynyň paýtagty Brýussel şäherinde geçirilen «Global Gateway 2025» atly ikinji foruma gatnaşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, forumyň maksady özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmek hem-de dünýä derejesinde durnukly infrastruktura baglanyşygyny ösdürmek boldy. Resmi maksatnama ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň çykyşlaryny, şeýle hem energetika, ulag, sanly gün tertibi we senagat bäsdeşligi boýunça tematik sessiýalary öz içine aldy.
Forumy Ýewropa Komissiýasynyň Prezidenti Ursula fon der Lýaýen açdy. Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-prezidenti Kaýa Kallas giriş sözi bilen çykyş etdi.
Forumyň çäklerinde birnäçe panel pikir alyşmalaryň we iş duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Şolaryň arasynda «Global Gateway» maksatnamasynyň möhüm taslamalaryny ösdürmek boýunça sessiýa hem boldy. Taslamalaryň hatarynda Merkezi Aziýada gidroenergetika kuwwatyny giňeltmek, ulag gatnaşyklaryny ösdürmek we “ýaşyl deňiz geçelgelerini” döretmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maliýe gurallaryny giňeltmegiň çygrynda halkara ösüş banklary, şol sanda Ýewropa maýa goýum banky (ÝMB) we Ýewropa täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) bilen hyzmatdaşlygy berkitmek arkaly infrastruktura maýa goýumlaryny we iş orunlaryny döretmek mümkinçilikleri barada pikir alyşyldy. Merkezi Aziýadaky energetika taslamalaryna maýa goýumlaryny artdyrmaga taýýarlyk aýratyn bellenildi.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri ÝMB-niň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň amaly meseleleri, ýurt boýunça ylalaşyk taslamasy hem-de ÝMB-niň wekilleriniň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň üçünji maslahatyna(LLDC3) Awazada gatnaşmagy boýunça pikir alşyldy. ÝMB bilen hyzmatdaşlyk Forumyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda «Ýewropa topary» we halkara maliýe guramalary arkaly energetika we infrastruktura ugurlarynda maýa goýumlaryny başlamaga we giňeltmäge gönükdirilendir.
Forumyň netijeleri boýunça jemleýji çykyş Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Jozef Sikela tarapyndan edildi.


düýn 15:48
3.8k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

27.06.2026 11:05
4.2k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......